Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň gün tertibini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni russiýaly kärdeşi Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady. Taraplar 11-nji oktýabrda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisiniň gün tertibine ünsi çekdiler.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany russiýaly kärdeşine berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda we tagallalarynda täze üstünlikler arzuw etdi.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklarynyň üýtgewsiz dostlukly, oňyn we ynanyşmak häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

Prezidenti häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň barha okgunly häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi, bu gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we açyklyk derejesi bilen tapawutlanýandygyny, şunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda uly üstünlikleriň gazanylmagynda Russiýanyň Lideriniň şahsy goşandyny hem-de hemmetaraplaýyn goldawyny aýratyn belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar bilen baglylykda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyp, köpugurly uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar, şolaryň doly durmuşa geçirilmegi umumy bähbitlere kybap gelýär.

Iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady we medeni aragatnaşyklary berkitmek boýunça tagallalar bellenilip geçildi.

Telefon söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin şu hepdede Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisiniň gün tertibine ünsi çekdiler hem-de Arkalaşygyň giňişliginde netijeli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bu sammitiň ähmiýetini bellediler.

Meňzeş täzelikler

2014