Halk Maslahatynyň çözgütleri maslahatlaşyldy we goldanyldy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň binasynda duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda Halk Maslahatynyň çözgütlerinden gelip çykýan durmuş ähmiýetli wezipeler we kabul edilen kararlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata nebitgaz toplumynyň dürli düzümleriniň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Halk Maslahatyna gatnaşyjylar gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda çykyş edenler ýurduň Konstitutsiýasyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümligini belläp geçdiler. Bu işleriň düýp maksady Türkmen döwletiniň demokratik, hukuk, dünýewi esaslaryny berkitmek, onuň giňden durmuşa ornaşdyrylmagyny gazanmak bolup durýar.

Ýurtda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň ygtybarly binýady bolup durjakdygy barada bellenildi.

Çykyş edenleri ýurtda syýasatda, ylymda, giň dünýägaraýyşly sagdyn nesli kemala getirmekde durmuşa geçirilen anyk netijeler barada durlup geçildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014