TNGIZT: daşky gurşawyň goragy — ileri tutulýan wezipe

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy özi ýaly gerimli islendik senagat desgasy hökmünde önümçiliginiň aýratynlygy sebäpli daşky gurşawa täsirini ýetirmän bilmeýär. Bu täsiri dolandyrmak we gözegçilikde saklamak zawowdň önümçilik işjeňliginiň ileri tutulýan wezipesi bolmagynda galýar. Hut şonuň üçin hem bu ýerde zawodyň täsir edýän çäginde we onuň önümleri peýdalanylanda daşky gurşawa täsiri peseltmäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny ornaşdyrmak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.

TNGIZT öz işini alyp barmakda ekologiýa ulgamynda standartlary we talaplary berk berjaý etmekden ugur alýar. Munuň üçin tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy hapalaýan zyňyndylary, galyndylaryň emele gelmegini, topragyň zaýalanmagyny, howply jisimleriň peýdalanylmagyny peseltmek boýunça çäreler işlenip düzülýär we ornaşdyrylýar.

Hut şonuň üçin hem zawoddaky önümçilik proseslerini döwrebaplaşdyrmaklyk tebigaty goramagyň çäreleriniň giň toplumy bilen ýakyn baglanyşyklydyr. Önümleriň täze görnüşleriniň, önümçilik prosesleriniň taslamalaşdyrylmagynda, işlenip düzülmeginde bar bolan we geljekde boljak ekologik talaplara jogap berýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär.

TNGIZT-de zyýanly zyňyndylaryň atmosfera sterilizasiýasynyň kämilleşdirilen gaz arassalaýjy tehnologiýasy peýdalanylýar. Şu maksat bilen, fakel desgalary, bitum desgalarynyň gazlarynyň utilizasiýasy üçin peçler, koks tozanyny ýatyrmak üçin desga we beýlekiler hereket edýär. döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde her ýylda 17 mln tonnadan gowrak atmosfera zyýanly zyňyndylar zyýansyzlandyrylýar.

TNGIZT-niň suw üpjünçilik boýunça sehiň, suwasty lagym we suw arassalaýjy desgalaryň işine aýratyn üns berilýär. Sehiň düzümine arassalaýjy desgalara, nebiti taýýarlamak boýunça desga, suwuň aýlawynyň 2-nji blogy, «Nefes2 suw üpjünçiligi boýunça bölüm we deňiz suwy bilen üpjün edýän kenarýaka sorujy beket girýär. Suwy gaýtadan ulanyş boýunça ikinji blok süýjediş desgalaryny, fakel desgalaryny, wakuum desgasynyň önümçilik sehini, uçar kerosinini arassalaýan desgany we beýlekileri deňiz suwy bilen üpjün edýär. Bu tehnologik desgalarda suw arassalanýar, sowadylýar we yzyna iberilýär.

Nebit önümleriniň galyndylary ýerasty guýularda toplanylýar we sowujylaryň kömegi bilen demir gaplara düşýär. Ondan soňrakky gaýtadan işlemek üçin nebit «Stetfild» desgasyna iberilýär. Bu toplum nebit galyndylaryny senagat akymlaryndan tutup alýar we arassalaýar.

Zawodyň tehnologik ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi dünýä bazarlarynyň talaplaryndan ugur alyp, hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014