Türkmenistanyň Prezidenti we Owganystanyň ilçisi ileri tutulýan sebit taslamalaryny maslahatlaşdy

Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Najibulla Alihili Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary hem-de bilelikdäki düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu gaz geçiriji sebitde özboluşly dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk köprüsine öwrülmelidir.

Şunuň bilen birlikde, TOPH taslamasy bilen özara baglanyşykly Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijileri we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek baradaky taslamalaryň wajypdygy bellenildi. Bu taslamalar hem sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Duşuşygyň barşynda Türkmen Lideriniň multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky oňyn başlangyçlarynyň hem Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hem-de sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna yzygiderli goşulyşmagyna gönükdirilendigi nygtaldy. Bu giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi tutuş Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.

Ilçi döwlet Baştutanyna Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmeginde Türkmenistanyň uly goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyz özüniň günortadaky goňşusyna elektrik energiýasyny ýeňillikli şertlerde iberýär, yzygiderli ynsanperwer ýüklerini ugradýar, Owganystanyň çäginde durmuş maksatly desgalary gurýar, owgan ýaşlaryna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin mümkinçilikler döredilýär.

Meňzeş täzelikler

2014