AÝGB-nyň howpsuzlygy ýokary derejede

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynyň işgärleri işde durnukly ýagdaýda ýokary netijeleri gazanýarlar.

Kärhana öz içine 6 sany häzirki zaman awtomobillere ýangyç guýujy bekedi alýar. Olarda 80-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Tehniki hyzmat stansiýalarynyň işgärleriniň — awtoulaglara ýangyç guýýan, çalgy işlerini ýerine ýetirýän we motor ulag serişdelerine hyzmat edýän mehanikleriň we işgärleriň işi halypaçylyk derejesinde geçýär.

Kärhananyň esasy awtomobil ýollarynda ýerleşen awtomobillere ýangyç guýujy beketleri häzirki zaman tehniki howpsuzlyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Her beketde ýangyny söndürmek üçin islendik wagtda taýýar duran enjamlar, ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin dermanly gutujyklar, telefon aragatnaşygy bar.

Hereket edýän AÝGB-niň ählisiniň töweregi günüň garaňky wagtynda doly derejede ýagtylandyrylandyr. Işgärler düzümi yzygiderli ýagdaýda ýangyç bilen işlemekde howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek boýunça gözükdirme okuwlaryny geçýär. AÝGB-de tehniki howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek üçin degişli resminamalar bolýar: wakalary hasaba alyş žurnallary, wezipe borçlary, şahadatnamalar, ewakuasiýa meýilnamasy, golaýdaky suw howdany görkezilen ýerüstüniň meýilnamasy we beýleki resminamalar.

Meňzeş täzelikler

2014