OGT-2019-a gatnaşyjylara Türkmenistanyň nebitgaz bazarynyň syny beýan ediler

22-23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» (OGT – 2019) Halkara maslahatynyň guramaçylarynyň saýtynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýanyň nebitgaz bazarynyň iri gatnaşyjysy bolup durýar. Bu forumy «Türkmennebit» döwlet konserni «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda gurnaýar.

OGT 2019 her ýyl geçirilýär we Türkmenistan bile  nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge ýardam edýän abraýly işewürlik forumy bolup durýar. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň işiň ähli tapgyrlaryny, şol sanda gazhimiýa taslamalaryny öz içine alýan nebitgaz bazaryna syn berler; dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň öňdebaryjy bilermenleri prezentasiýa bilen çykyş ederler, toplanan tejribelerini paýlaşarlar.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalaryň, iri halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleri 71 milliard tonna nebit barabarlygynda ölçenilýär, şolardan 20 milliard tonnasy nebit we 50 trillion kub metri tebigy gazdyr. Bu sanlardan ugur alsaň, Türkmenistan bu günki gün Türkmenistan tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça Russiýadan, Eýrandan we Katardan soňra dördünji ýeri eýeleýär.

Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasy türkmen gazyny iň iri satyn alyjy döwletdir. 2009-njy ýylda ulanyşa girizilen Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üç şahasy boýunça (A, B we Ç) her ýylda 40 milliard kub metre çenli gaz iberilýär. Dördünji D şahanyň işe girizilmegi bilen türkmen tebigy gazynyň her ýylky ibermeleri 65 milliard kub metre çenli ýetiriler. Ýakynda Türkmenistan Russiýa hem gaz ibermegini gaýtadan dikeltdi we Eýrana hem tebigy gaz ibermek üçin tehniki mümkinçiliklere eýedir.

Mundan başga-da, Türkmenistan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyny alyp barýar. umumy uzynlygy 1840 km we kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kub metre barabar bolan bu gaz geçirijisiniň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda başlandy. Häzirki wagtda TOPH-nyň 214 kilometrlik türkmen böleginiň gurluşygy alnyp barylýar, 2018-nji ýylyň fewralynda owgan çäginde hem gaz geçirijiniň gurluşygy başlandy. TOPH Hyrat we Kandagar owgan şäherleriniň çäginden, Kwetta we Multan pakistan şäherlerinden geçip, pakistan-hindi araçägindäki Fazilka diýen ilatly nokada ýetiriler. Bu taslama Russiýa we beýleki döwletler, şeýle hem iri halkara maliýe institutlary tarapyndan, hususan-da, Aziýa ösüş banky tarapyndan goldanylýar.

Türkmenistan Hazar deňzinde, şeýle hem Balkan welaýatynyň kenarýakalarynda deňiz känlerini işjeň özleşdirýär. Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy nebit kompaniýalarynyň birnäçesi şertnamalaýyn bloklarda nebit we gaz çykarýarlar: olardan - ENI, Dragon Oil, Petronas, Areti we beýlekiler bar.

Şeýle hem Türkmenistan häzirki wagtda Ýewropa tarap tebigy gaz ibermek mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu taslamany amala aşyrmagyň birnäçe ýollary bar, olar häzirki wagtda işlenilýär.

Türkmenistan gazy gaýtadan işlemek boýunça mümkinçiliklerini giňeldýär. Bu ugurda toplumlaryň birnäçesi guruldy we ýene birnäçesini gurmak meýilleşdirilýär. Diňe geçen ýylyň özünde karbamid dökünlerini. Polietilen we polipropilen öndürýän zawodlar gurlup, ulanyşa girizildi.

28-nji iýunda Ahal welaýatynyň Owadandepe diýen ýerinde tebigy gazdan benzin öndürýän täze zawod ulanyşa girizildi. Iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan we öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylan häzirki zaman gazhimiýa zawody her ýylda «mawy ýangyjyň» 1 milliard 785 million kub metrini gaýtadan işlär we ECO-93 kysymly benziniň 600 müň tonnasyny öndürer. Bu benzin Euro-5 standartlarynyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýär. Şeýle hem bu ýerde 12 müň tonna arassalanan dizel ýangyjy we 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz çykarylar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde amala aşyran bu maýa goýum taslamasynyň umumy bahasy 1 milliard 700 million amerikan dollaryna barabardyr. Ony maliýeleşdirmeklige Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýaponiýanyň banky gatnaşdy (JBIC).

Meňzeş täzelikler

2014