GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylar birnäçe resminamalary ylalaşdylar

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi boldy.

Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarow, Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Z.Mnasakanýan, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri W.Makeý, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekow, Moldowa Respublikasynyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýasy ministrliginiň Döwlet sekretary T.Molçan, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew dagylar gatnaşdylar.

Ilkibaşda gepleşikler dar düzümde geçirildi, onuň barşynda mejlise gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri, şeýle hem GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikirleri alyşdylar. Taraplar şu ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp geçdiler, şeýle hem abraýly halkara edaralarynyň çekilmegi bilen syýasy-diplomatik gepleşikleriň ösdürilmegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny aýratyn nygtadylar.

Soňra giňişleýin düzümdäki mejlis dowam etdirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. GDA gatnaşyjy-döwletleriň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özarahereketlere, howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmeginiň meselelerine aýratyn ýagdaýda seredilip geçildi. Taraplar utgaşykly hereketler arkaly syýasy hem-de ykdysady integrasiýanyň gazanylyp bolýandygy, häzirki döwrüň wehimlerine öz wagtynda täsir edip bolýandygy baradaky pikire geldiler.   

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça  «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça hereketleriň Maksatnamasy hakynda», «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňişiň 75 ýyllygy bilen bagly Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Ýüzlenmesi hakynda», «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda» we «GDA ýurtlarynyň arasynda sportuň dürli ugurlary boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi hakynda» çözgütlere gol çekildi.

GDA-nyň Daşary işler ministrleri şeýle-de Türkmenistanyň bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp 2020-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek çärelere hem gatnaşmaga çagyryldy.

Şeýle hem daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2020-nji ýylyň 3-nji aprelinde Gazagystan Respublikasynda geçirmek baradaky çözgüt habar berildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014