Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklygynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Şu gün Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Mejlise gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabada geldi. Ermenistan Respublikasyna ýurduň Premýer-ministri Nikol Paşinýan wekilçilik etdi.

  Ozal habar berlişi ýaly, 10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy-Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Forum başlanmazdan öň hormatly Prezidentimiz Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini açyk diýip yglan edýär. Milli Liderimiz oňa Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň ilkinji gezek gatnaşýandygyny aýdyp, bu ýere ýygnananlaryň ählisiniň adyndan hem-de hut öz adyndan GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň agzasy hökmünde ony mähirli gutlady we jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Sammitiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary boýunça öňe sürlen Strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama gol çekmek meýilleşdirilýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014