Berdimuhamedow: GDA-da ykdysady işi işjeňleşdirmek üçin täzeçe çemeleşmeler zerur

Türkmenistan GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine täzeçe itergi bermegiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde belledi.

Bilelikdäki tagallalar bilen ykdysady hem-de strategik hyzmatdaşlyk hakynda Jarnamanyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny hem-de döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine girizilendigini nygtap, Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow onuň kabul edilmeginiň GDA-da ykdysady işleriň işjeňleşdirilmegine täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga biziň ählimizden has netijeli çemeleşmegi talap etjekdigini belledi.

GDA-nyň ykdysady hyzmatdaşlyk strategiýasy häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän üýtgeşmelere kybap bolmalydyr diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Şol ýagdaýlara öz wagtynda täsir etmek, olaryň mazmunyny we ugruny göz öňünde tutmak, umumydünýä ykdysady işleri babatda GDA-nyň ykdysady gün tertibini döretmek hem-de öňe ilerletmek üçin bäsleşikli artykmaçlyklary peýdalanmak zerurdyr.

Türkmen Lideri ozaly bilen, energetika, senagat, ulag we söwda ýaly strategiki ugurlary aýratyn belläp, bu ulgamlarda iri möçberli we uzakmöhletleýin taslamalary durmuşa geçirmäge Arkalaşygyň ýurtlarynyň güýjüniň doly ýetjekdigine ynam bildirdi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy öz geosyýasy hem-de geoykdysady ýörelgeleri babatda yklymda esasy orny eýelemelidir, Gündogar bilen Günbataryň, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de giňeltmäge işjeň gatnaşyjy bolup çykyş etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň beýleki döwletler bilen dürli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy, hyzmatdaşlara ykdysady, innowasiýa we tehnologiýa babatda teklip edip bilýän zatlarymyz bolan serhetdeş sebitlerimize çykmagy möhüm wezipe bolup durýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şunuň ýaly gatnaşyklaryň mysaly hökmünde durmuşa geçirilen Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň taslamalary hyzmat edip biler. Bu kommunikasiýalar GDA-nyň energetika we ulag bazarlaryny Ýewraziýa yklymynyň Gündogar hem-de Günorta sebitleri bilen birleşdirmäge mümkinçilik berdi. Häzirki zaman şertlerinde GDA döwletleriniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň Arkalaşygyň ykdysady giňişliginiň dünýä hojalyk aragatnaşyklaryna has işjeň goşulyşmagyny üpjün edip bilýän täze hile eýe bolmalydygy barada ynamly aýtmaga mümkinçilik berýän şunuň ýaly birnäçe beýleki mysallaryň bardygy gürrüňsizdir diýip, Türkmen Lideri belledi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany 2020-nji ýylda, Ykdysady geňeşiň birinji mejlisinde Arkalaşygyň döwletlerini dünýä bazarlary bilen birleşdirýän döremegi mümkin boljak energetika, senagat, ulag we söwda geçelgelerine hem-de şolaryň ösdürilmegine ýykgyn edip, GDA-da ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasy baradaky meselä garamagy teklip etdi.

Ykdysady geňeşde bu başlangyjyň goldanan ýagdaýynda, geljekde

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşine anyk ykdysady taslamalarda ony amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edip bolar, diýip Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

 

Meňzeş täzelikler

2014