Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasyna resmi saparyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa saparynyň dowamynda 2019-njy ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna  resmi saparyny guramak meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary jenap Manlio Di Stefano bilen geňeşmeler geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparynyň çäklerinde Milan şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan türkmen-italýan işewürler maslahatyna degişli meselelere hem seredilip geçildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014