Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Anna güni Bakuwyň Kongresler merkezinde Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna baran Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy.

Azerbaýjanyň Baştutany Bitarap Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk hereketi guramasynyň esasy ýörelgeleri bilen ugurdaş gelýän parahatçylyk dörediji syýasaty alyp barýandygyna ýokary baha berdi. Bu gurama agza ýurtlar ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň bähbidine bilelikdäki tagallalary birleşdirmek ugrunda çykyş edýärler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň ХХI asyrda dünýäniň gapma-garşylyksyz ösmegi üçin berk binýadyň döredilmegine gönükdirip, yzygiderli öňe sürýän netijeli halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Prezident Ilham Aliýew häzirki Sammitde türkmen Lideriniň ählumumy ykdysadyýetiň Goşulyşmazlyk hereketiniň işiniň möhüm ugry bolup durýandygy baradaky wajyp pikirini goldaýandygyny belledi.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler halkara durmuşynyň özara gyzyklanma döredýän möhüm meselelerini, şeýle hem Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler şeýle hem döwletleriň ikisiniň hem dünýäde energiýa serişdelerini iri öndürijiler we iberijiler bolup durýandyklaryny, çäk ýakynlygyny hasaba almak bilen, ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligine eýediklerini bellediler. Ulag ulgamy bilelikdäki hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup çykyş edýär, bu ýerde üstaşyr-ulag ulgamyny döretmekde tagallalary birleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bardyr. Bu ulgamda Türkmenistandaky ýaly Azerbaýjanda hem häzirki zaman düzümleri, hususan-da, awtoulag we demir ýol-parom aragatnaşygyny döretmekde netijeli özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, giň logistik ulgamy kemala getirmäge ýardam berýän port düzümi bardyr.

Meňzeş täzelikler

2014