Energetika howpsuzlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Baku sammitindäki çykyşynda täzeçe öwüşgine eýe boldy

Goşulyşmazlyk hereketiniň Baku Forumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda energetika howpsuzlygy temasy täze öwüşgine eýe boldy.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow Goşulyşmazlyk hereketiniň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatynyň jemlerine bagyşlanan brifingde belledi.

Bellenilişi ýaly, onuň täzeçiligi Türkmen döwletiniň baştutanynyň adalatly we aýdyň ýörelgelere, energiýa çeşmeleriniň we olary ibermek serişdeleriniň deňhukukly elýeterliligine esaslanýan energiýa howpsuzlygynyň ählumumy ulgamynyň kemala getirilmegi ugrunda çykyş edendiginden ybaratdyr.

Şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň garamagyna hödürlenilmegi göz öňünde tutulýan durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň orny hakyndaky Kararnamanyň täze taslamasynda halkara energetika ulgamynyň durnuklylygynyň ýörelgesine aýratyn ähmiýet beriler.

28-nji oktýabrda geçirilen brifinge daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistanda işleýan wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işleri ministri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa we BMG-niň Baş Sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň Başlygy N.German dagylar çykyş etdiler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasy beýannamasynda dünýädäki häzirki ýagdaýlara baha berildi we şu günki global gün tertibinde duran derwaýys meseleleriň ençemesiniň çözgüdine gönükdirilen möhüm başlangyçlar beýan edilendir.

Geçirilen Sammitiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen möhüm başlangyçlaryň biri hem halklaryň we döwletleriň ykdysady berkararlygynyň ykrar edilmegi ugrundaky tagallalar bolup durýandyr. Bu ugurda türkmen tarapynyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde degişli köpugurly resminamalarynyň işlenilip düzülmegi we kabul edilmegi bilen bu ugurdaky giň gerimli halkara gepleşikleriniň açylmagyny maksadalaýyk hasaplaýandygy bellenildi.

Brifingde Türkmenistanyň Prezidentiniň Sammitiň barşynda eden çykyşyndan alnan şu jaýdar sözler mysal getirildi: “Bu ýerde, hazarýaka döwletleriň biriniň paýtagtynda bolmak bilen, men Hazar deňzini, onuň ekologiýasyny, deňsiz-taýsyz biologik köpdürliligini gorap saklamagyň bütindünýä ähmiýetini bellemän geçip bilmeýärin. Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda biziň ýurdumyz Hazar deňziniň baý tebigy serişdelerinden rejeli peýdalanmagy üpjün etmek boýunça tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi. Biz bu mesele boýunça giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak barada başlangyç bilen çykyş etmekçi bolýarys we Goşulyşmazlyk hereketiniň bizi hemmetaraplaýyn goldajakdygyna ynanýarys”.

 

Meňzeş täzelikler

2014