Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmengaz» DK-nyň başlygynyň täze orunbasaryny belledi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şageldi Annasähedowiç Hangeldiýew «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Degişli resminama döwlet Baştutany 2019-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda gol çekdi.

Bu wagta çenli Şageldi Hangeldiýew «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ýöriteleşdirilen gurnama-önümçilik birleşiginiň taslama işlerini dolandyrmak müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirýärdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014