Hazarüsti gaz geçirijisi ÝB-niň energetika taslamalarynda dördünji sanawda galdy

Ýewropa komissiýasy Ýewropa Bileleşiginde serhetara energetika infrastrukturasyny durmuşa geçirmek üçin umumy gyzyklanma bildirilýän taslamalaryň (PCI) dördünji sanawyny tassyklady. Täze sanaw üç sany esasy maksadyň arasyndaky deňagramlylygy görkezýär: durnukly ösüş, elýeterlilik we energiýa serişdeleriniň howpsuz geçirilmegi.

Soňky iki ýylda sanawda gaz taslamalarynyň sany 53-den 32-ä çenli azaldy. Täze sanawda saklanyp galanlaryň içinde Azerbaýjanyň, Gruziýany we Türkiýäniň üsti bilen Türkmenistanyň gazyny Ýewropa ibermekligi göz öňünde tutýan Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy hem bar.

Aşgabatda oktýabrda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» XXIV Halkara maslahatynyň barşynda Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça baş direktoratynyň wekili Erlendas Grigorowiç Hazar deňzi boýunça gaz geçirijisini gurmakda we Hazarüsti taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga isleg bildiren kompaniýalary goldamakda ÝB-niň gyzyklanmasyny beýan etdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014