Türkmenistan ŞHG ýurtlary bilen energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Türkmenistan durnukly energiýa ibermeleri ulgamyny döretmek meselelerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletler bilen köp taraply hyzmatdaşlyga taýýar. Bu barada wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow geçen şenbe güni Daşkentde geçirilen ŞHG agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda belledi, diýip daşary ýurt HBS-leri belleýär.

«Bu günki gün biziň öňümizde energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň, diwersifikasiýasynyň, howpsuzlygynyň we goraglylygynyň durnukly ulgamyny döretmek wezipesi durýar. Türkmenistan bu strategik ugurlarda ŞHG döwletleri bilen ulgamlaýyn we köp taraply hyzmatdaşlyk etmäge taýýar» - diýip Meredow çykyşynda belledi.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy häzirki wagtda Ýewraziýa sebitinde energetika hyzmatdaşlygy — Türkmenistan goşulan emele gelýän hakykat diýip belledi.

R.Meredowyň belleýşi ýaly, ŞHG ýurtlary, şeýle hem onuň hyzmatdaşlary we synçylary bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisi, Türkmenistan – Eýran gaz geçirijisi guruldy, şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar.

ŞHG döwletleri bilen hyzmatdaşlykda geljegi uly ugurlaryň ýene-de bir hökmünde R.Meredow ulag ulgamyny belledi. «Biz ulag düzümine Ýewraziýada integrasiýa prosesiniň strategik serişdesi hökmünde garaýarys» diýip ol belledi.

Hususan-da, wise-premýer ŞHG boýunça hyzmatdaşlaryny «Merkezi Aziýa – Hazar deňzi – Gara deňiz» ulag geçelgesini, Baltika çenli ugurlary emele getirmegiň geljegine ünsi çekdi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi we söwda-ykdysady, energetika, ulag we oba hojalyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary ösdürmegiň uly mümkinçilikleri nygtaldy.

ŞHG 2001-nji ýylda Russiýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň liderleri tarapyndan döredildi. 2017-nji ýylda guramanyň düzümine Hindistan we Pakistan girdi. Häzirki wagtda Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa ŞHG-de synçy döwletlerdir. Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka hyzmatdaş döwletler.

Meňzeş täzelikler

2014