Ozon gatlagynyň goragy — HNGU-nyň talyplarynyň üns merkezinde

Ozon gatlagyny goramagyň häzirki zaman usullary Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen okuw seminarynda maslahatlaşyldy.

«Ýeriň ozon gatlagynyň howanyň emele gelmegine täsiri: ozonosferada bolup geçýän üýtgeşmeleriň mümkin bolan klimatik netijeleri» atly okuw maslahatyny Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, şeýle hem bu uniwersitetiň ýanynda hereket edýän Ozon merkezi gurnady. Bu çärä uniwersitetiň mugallymlary we senagat ekologiýasy kafedrasynyň talyplary gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň barşynda ozon gatlygyna ýetirilýän zyýana bagyşlanan çykyşlar diňlenildi, howanyň global maýlamagy, stratosfera ozonynyň gorag wezipesi, şeýle hem Monreal protokolynyň adam saglygyny nähili goraýşy bilen bagly meselelere deglip geçildi.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanda ozony ýumrujy jisimleriň 99 göterimi ulanyşdan ýok edildi. Bu günki gün Türkmenistanda ýeke-täk ozony ýumrujy jisim — freon R22. Onuň çäkli ulanylyşy kadalaşdyrylýar.

Duşuşykda şeýle hem ozon gatlagyny ýumrujy jisimler boýunça Monreal protokoly, Ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasy boýunça ýurdumyzyň borçnamalarynyň ýerine ýetirmeginiň aspektleri beýan edildi. Bu resminamalar gidrohlorftoruglerodlaryň ulanyşdan çykarylyp, 2040-njy ýyla çenli olaryň sarp edilişini doly bes etmeklige gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Monreal protokoly boýunça ähli halkara borçnamalaryny ýerine ýetirýär. Wena konwensiýasynyň kabul edilmegi bilen kadalaşdyryjy düzgünleriň ählisi «Ozon gatlagyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna girizildi.

Ozon gatlagyny ýumrujy jisimleriň aglabasy — global maýlamaga işjeň gatnaşýan gazlardyr. Bilermenleriň bellemegine görä, bu jisimleriň howa zyňylmagynyň çäklendirilmegi bug gazlarynyň emele gelmegini düýpli azaltdy, netijede bolsa, howanyň üýtgemek prosesi saklanyp galdy.

Bu hili çäreleriň geçirilmegi talyplarda we ýokary okuw mekdebiniň talyplygyna dalaşgärlerde uly gyzyklanma döredýär, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygy meselelerinde olaryň sowatlylygyny artdyrýar, geljekde hünär saýlamaklaryna täsir edýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014