Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy TDHÇMB-niň eksport möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça çäreler görülýär. Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini iki tapgyrda döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipler hödürlenildi.

Birinji tapgyrda şertnamalary biržada bellige almak hyzmatlaryny elektron görnüşinde internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyrmak üçin şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. Bu ulgamyň girizilmegi bilen, birža hyzmatlaryny «onlaýn» tertipde amala aşyrmaga mümkinçilik dörediler. Bu ulgam resminama dolanyşygynyň döwrebap usullaryny ýola goýmak bilen, iş öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna, şertnamalary bellige almagyň möhletini çaltlandyrmaga, maglumatlaryň ygtybarly elektron binýadyny döretmäge ýardam eder.

Ikinji tapgyrda birža söwdalaryny sanly ulgam arkaly geçirmegi ornaşdyrmak teklip edilýär. Birža söwdalarynyň «onlaýn» tertibinde guralmagy söwda gatnaşyjylara birža barmazdan, dünýäniň islendik künjeginden sanly ulgam arkaly gatnaşmaga mümkinçilik döreder. Bu bolsa bäsleşikli söwdalara köp sanly alyjylaryň gatnaşmagyna we harytlaryň amatly bahalarynyň emele getirilmegine, eksportyň möçberiniň artmagyna ýardam eder.

Taslamanyň birinji tapgyryny 2019-2020-nji ýyllarda, ikinji tapgyryny – 2020-2021-nji ýyllarda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumyny depginli ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Döwlet Baştutany munuň özi halkara tejribä hem-de ýurdumyzyň hereket edýän kanunlaryna laýyklykda möhüm çäreleriň geçirilmegine ýardam eder diýip aýtdy we wise-premýere Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen çäreleriň üstünde ýene-de işlemegi tabşyrdy.

Belläp geçsek, TDHÇMB-da birža söwdalarynda adatça ýerli ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň eksporty boýunça şertnamalar agdyklyk edýär.

Meňzeş täzelikler

2014