Italiýada nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Milanda geçirilen türkmen-italýan işewürler maslahatynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri merkezi mowzuklaryň biri boldy.

Hususan-da, bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika toplumynda Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda Hazar deňziniň türkmen kenarynyň bloklaryny özleşdirmek, plastlaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça maýa goýum taslamalary, nebit we gazhimiýa ulgamynda, şeýle hem pudagyň senagat desgalaryny gurmakda serwis taslamalary agzaldy.

Häzirki wagtda Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama esasynda Türkmenistanda daşary ýurtly kompaniýalar tarapyndan Hazar deňzinde dört taslama, gury ýerde bolsa, üç taslama durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda iki ýurduň işewürler toparynyň gatnaşyklarynyň hatarynda nebitgaz ulgamynda, gurluşykda, dokma senagatynda we beýleki ugurlarda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň oňyn tejribesi bar. Bu ugurda bütin dünýäde meşhur “ENI” italýan kompaniýasynyň ýurdumyzdaky köpýyllyk netijeli işini mysal getirmek bolar. Bu kompaniýa 2008-nji ýyldan bäri önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygyň şertlerinde «Nebitdag» şertnamalaýyn çäginde uglewodorodlary gözläp tapmak we gazyp almak işlerini amala aşyryp gelýär.

Türkmen-italýan işewürler forumynda “Eni” kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Luka Wignati 11 ýyl bäri Türkmenistanda işleýändiklerini belläp, häzirki günde kompaniýa tarapyndan günde 2 müň tonnadan gowrak nebitiň çykarylýandygyny mälim etdi.

“Eni dünýäniň 63 ýurdunda iş alyp barýar, durmuşa geçirilýän taslamalarynda ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary ulanýar. Bu babatda Türkmenistan aýratyn çemeleşýär” diýip, Wignati kompaniýanyň soňky üç ýylda howpsuzlyk standartlary boýunça ösüş gazanandygyny belledi. Forumdaky çykyşynda Wignati “nou-hoular” boýunça uly maýa goýýandyklaryny aýdyp, “Bularyň birnäçesi ilki bilen Türkmenistanda durmuşa geçirilip, ondan soň dünýäniň beýleki ýurtlarynda amal edildi” diýip belledi.

Wignati nebit-gaz pudagyndan başga-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kämilleşdirilmegi boýunça işläp biljekdiklerini mälim etdi.

Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwaty, senagatlaşdyrmaga we öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga alan ugry, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň hem-de düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy – bularyň hemmesi dürli ulgamlarda netijeli özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ysnyşykly işewür gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014