Türkmenistan Italiýa bilen bilelikde ÝB bilen energetika gepleşiklerini giňeltmäge taýýar — Berdimuhamedow

Penşenbe güni Rimde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konteniň arasynda geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady görkezijileri oňyn häsiýetlendirilýär. Ýurdumyzda italýan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýangyç-energetika ulgamynda taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyrylýar diýip, Türkmen Lideri belledi we energetika howpsuzlygy, Ýewraziýa yklymynda alternatiw üstaşyr geçelgeleri hem-de ulag ýollaryny döretmek ýaly möhüm meseleler boýunça gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň özara mümkinçilikleri hakda gürrüň edilende, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň giňden ornaşdyrylmagyny, ýangyç-energetika, ulag, oba hojalygy, dokma we syýahatçylyk ulgamlarynda iri milli we halkara taslamalaryň amala aşyrylmagyny nazara almak bilen, giň mümkinçilikler açylýandygy äşgärdir.

Türkmenistan energiýa hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça gatnaşyklary dowam etdirmäge we işjeňleşdirmäge hemişe taýýardyr. Tebigy gazyň ýüze çykarylan gorlary boýunça ýurdumyz dünýäde dördünji orny eýeleýär. Biz ony gündogar we demirgazyk ugurlary boýunça iberýäris. Türkmenistandan Owganystanyň we Pakistanyň çäginiň üstünden Hindistana gaz geçirijiniň (TOPH) gurluşygy alnyp barylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň «mawy ýangyjyň» iberilýän çägini giňeltmäge hem-de ýangyjy ugratmagyň günbatar, Ýewropa ugurlary barada düýpli gürrüň etmäge taýýardygyny nygtaýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň «mawy ýangyjyň» iberilýän çägini giňeltmäge hem-de ýangyjy ugratmagyň günbatar, Ýewropa ugurlary barada düýpli gürrüň etmäge taýýardygyny nygtaýar. Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi ugry boýunça energiýa baradaky gepleşikler eýýäm birnäçe ýyldan bäri alnyp barylýar, taraplaryň energetika edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde ýörite iş toparynyň çäklerinde gepleşikleriň birnäçe tapgyry geçirildi.

Türkmenistan Italiýany energiýa meseleleri babatda biziň garaýyşlarymyzy paýlaşýan döwletleriň, Ýewropada esasy hyzmatdaşlaryň biri hasaplaýar we ysnyşykly özara bähbitli hyzmatdaşlyga umyt edýär.

Nebit ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýtmak bilen, Italiýanyň bu ulgamda işleýän iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň oňat geljeginiň bardygyny bellemelidiris. Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki taslamalary boýunça «ENI» italýan kompaniýasy bilen gepleşikleriň alnyp barylýandygyny nygtamak zerurdyr.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekki sessiýasynyň barşynda Türkmenistan «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär. Türkmenistan Italiýanyň bu resminamany goldamagyna hem-de ony taýýarlamaga gatnaşmagyna umyt edip, halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyr, diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

 

Meňzeş täzelikler

2014