Energetika we ulag — türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlary

Energetika we ulag ulgamlary türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlarydyr. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen Rimde duşuşygynda belledi.

Prezident Serjio Mattarella belent mertebeli myhmany we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, bu saparyň hem-de häzirki gepleşikleriň netijeli, dostlukly we özara hormat goýmak häsiýetine eýe bolan däbe öwrülen türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Italiýanyň durnukly energetika ulgamynda türkmen tarapynyň halkara başlangyçlaryny goldamagy iki ýurduň bu ählumumy meselä çemeleşmeleriniň ýakyndygyna şaýatlyk edýär. Energetika howpsuzlygy diýlende, biz, ilkinji nobatda, energiýa akymlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini göz öňünde tutýarys diýip, Türkmen Lideri sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan özüniň energiýa serişdelerini günbatar ugur boýunça ibermek mümkinçiliklerine uly gyzyklanma bilen garaýar, Ýewropa komissiýasy bilen bilelikde hukuk hem-de tehniki meseleleriň üstünde işleýär.

Biz Ýewropa Bileleşiginiň täsirli hem-de abraýly agzasy hökmünde Italiýanyň mundan beýläk-de bu işe zerur bolan goldaw bermegine bil baglaýarys diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Biziň ýurtlarymyzyň geografik taýdan ýerleşişiniň aýratynlyklary olara Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda Merkezi Aziýa we Hazar sebitleri arkaly Gara we Ortaýer deňizlerine, Günorta Ýewropanyň döwletlerine ulag-üstaşyr geçelgeleri ösdürmekde möhüm orun eýelemäge mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde, ykdysady taýdan goşulyşmagyň strategik sebitara we yklymara ulgamlary döredilýär. Bu babatda Türkmenistan Italiýa diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde möhüm hyzmatdaşlaryň biri hökmünde däl, eýsem, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegi hökmünde garaýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Italiýa hem-de dünýä bileleşigi bilen bilelikde halkara terrorçylyk, ekstremizm, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de transmilli guramaçylykly jenaýatçylyk ýaly howplara garşy bilelikde göreşmäge taýýardyr.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow italiýaly kärdeşini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Meňzeş täzelikler

2014