SACE nebitgaz ulgamda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etmegi meýilleşdirýär

Italiýanyň SACE eksport-kredit agentligi nebitgaz ulgamynda Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada SACE-niň prezidenti Benýamino Kwintýeri Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Italiýanyň iri işewür wekilleri bilen duşuşygynda belledi.

— Biz şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna hem gatnaşýarys. Bu ýerde biz taslama üçin önüm hödürleýän köp sanly italýan öndürijilerine goldaw berýäris.

Kwintýeriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşýan taslamalaryna döwlet tarapyndan goldaw berilýär.

— Şonuň üçin hem biz mundan beýläk hem bilelikdäki tagallalar bilen hemmeler üçin bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga taýýar.

SACE-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, eksport-kredit agentlik şeýle hem Türkmenistanyň beýleki ykdysady taslamalaryna hem gatnaşmaga taýýar. Milanda üstünlikli geçirilen işewürler maslahaty iki ýurduň söwda we senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin köp sanly mümkinçilikleriň bardygyny görkezdi.

Kwintýeriniň sözlerine görä, SACE soňky üç ýylda 21 müň italýan kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň halkara bazarlarynda hereket etmegi üçin 72 milliard ýewro maýa goýdy. Şol bir wagtda ol agentligiň Türkmenistana gyzyklanmasyny belläp geçdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014