Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri bag ekmek çäresine işjeň gatnaşdylar

Geçen şenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek çäresine badalga berildi. Bu çäre ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden seslenme tapdy. Türkmen Lideriniň yzysüre bag ekmeklige dürli pudaklaryň wekilleri, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Hususan-da, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň işgärleri bag ekmek çäresine işjeň gatnaşdylar. Şol gün Köpetdagyň etegine, şeýle hem Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň töwereklerine köpsanly agaç- nahallary oturdyldy.

«Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň bagbanlarynyň ýadawsyz zähmeti netijesinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna berkidilen meýdanlarynda emeli tokaýlyklar emele geldi. Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri öz wagtynda arassalaýyş işlerini geçirýärler, dürli görnüşli agaçlar üçin hatarly talabalaýyk bölýärler, olary ýeterlik mukdarda suw we mineral dökünler bilen üpjün edýärler.

Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri Türkmenistanyň iň çetki nokatlaryna çenli ýaýrap, onlarça müň gektar tutýan ýaş tokaý zolaklaryny giňeltmek işine mynasyp goşant goşýarlar.

 

Meňzeş täzelikler

2014