Gyýanly GHT önümçiligiň möçberini giňeldýär

Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň depginli ösüşine düýpli goşandyny goşýar. Şu ýylyň başyndan bäri zawodda dürli görnüşli polietileniň 67 müň 981 tonnasy we polipropileniň 12 müň 673 tonnasy öndürildi. Zawodyň önümleri dünýä bazarlarynda orun eýeleýär. Bu önümlere bolan isleg soňky wagtlarda barha artýar.

Gyýanky GHT-da polimerleriň önümçiligi häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda amala aşyrylýar. Başlangyç materialyň mümkin bolan garyndylardan çuňlaşdyrylyp arassalanmak prosesiniň özboluşly usullar arkaly amala aşyrylmagy bu tehnologiýanyň tapawutlandyryjy aýratynlygydyr. Şol bir wagtda ekologiýa howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine düýpli gözegçilik edilýär, şeýle hem ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmeklige gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar.

Tebigy gazdan polietilen we polipropilen öndürmek boýunça Gyýanly GHT 2018-nji ýylyň oktýabrynda ulanyşa girizildi. Bu toplum şu ugurdan sebitde ilkinji kärhana bolup, ol her ýylda 5 mlrd kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge we ýokary dykyzlykly polietileniň 381 müň tonnasyny, polipropileniň 81 müň tonnasyny we içerki hem daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan beýleki önümleri öndürmäge ukyplydyr.

Gyýanly GHT-niň gurluşygy «Hyundai Engineering Go.Ltd», «LG International Corp» (Koreýa Respublikasy) we «Toyo Engineering Corp» (Ýaponiýa) kompaniýalarynyň konsorsiumy bile baglaşylan şertnama esasynda amala aşyryldy.

Bu taslama Ýewropanyň we Ýewraziýanyň iň gowy on taslamasynyň biri hökümnde «TXF» (Beýik Britaniýa) guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Türkmenistanda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, pudagyň çig mal binýadyny berkitmek, türkmen energiýa geçirijileriniň dünýä bazarlaryna çykmagynyň köpugurly ulgamyny döretmek bilen bir hatarda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklarynyň ösdürilişine hem uly üns berilýär.

Meňzeş täzelikler

2014