10 aýda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% boldy

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu barada wise-premýer G.Myradow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň on aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde belledi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,9 göterim ýokarlandy. Ýanwar — oktýabr aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,1 göterim artdy, Daşary söwda dolanyşygy bolsa 4,2 göterim ýokarlandy.

Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 15,7 milliard manada we çykdajy bölegi 15,6 milliard manada deň boldy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2018-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 9,6 göterim ýokarlandy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Ýurdumyzyň geljek ýyl üçin esasy maliýe meýilnamasynda serişdeleriň 75 göterimden gowragynyň durmuş ulgamyny ösdürmäge hem-de zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyplaryň we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmaga gönükdirmek göz öňünde tutuldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň on aýynda ykdysadyýetimiziň görkezijileriniň, sebitiň we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende, umuman, erbet bolmandygyny belledi. Has takygy bolsa, ýurdumyzda özüniň seljeriş işlerini geçirýän halkara pul gaznasy maglumatyny berer.

 

Meňzeş täzelikler

2014