Prezident: gazanylan görkezijileri saklap galmak we olary indiki ýylda artdyrmak zerur

Türkmenistanyň Prezidentiniň hökümet mejlisinde belleýşi ýaly, biziň öňümizde şu ýyl gazanylan gowy netijeleri ýylyň ahyryna çenli saklap galmak we geljek ýylda artdyrmak wezipesi durýar. Ýylyň ahyryna çenli bir ýarym aý wagt galdy. Şoňa görä-de, şu döwrüň içinde biz ýyly gowy netijeler bilen üstünlikli tamamlap, täze — 2020-nji ýyla ynamly gadam basmak üçin, köp meseleleri çözmelidiris diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Biz ykdysadyýetde, ozalkysy ýaly, ýokary ösüş depginini gazanýarys. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly önümçiligiň möçberiniň ösüşi bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi.

Häzirki döwür bizden ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edip, onuň depginini çaltlandyrmak, dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän üýtgeşmelere garamazdan, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin gyssagly çäreleri görmegi talap edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna 2020-nji ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyna ýene bir gezek seretmegi tabşyryp, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga degişli meseleleriň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyny nygtady.

Meňzeş täzelikler

2014