Gökderede çagalaryň tomusky dynç alşy

Tomus — çagalaryň iň söýgüli pasly. Bu döwür Türkmenistanyň dürli künjeklerinde çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri gapylaryny giňden açýar. Şolaryň hatarynda Arçabil etrabynyň Gökdere diýen ýerinde ýerleşýän iň uly merkezleriň biri — «Nesil» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezi bar. Eýýäm iki hepde bäri paýtagtdan hem-de Ahal welaýatyndan gelen ýüzlerçe çagalar bu ýerde dynç alýarlar.

Birbada müňlerçe adamyň dynç almagyna niýetlenen köpugurly häzirki zaman toplum «Türkmengaz» döwlet konserniniň serişdelerine «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň buýurmasy esasynda «Türkmennebitgazgurluşyk» DK-nyň «Daşoguznebitgazgurluşyk» tresti tarapyndan guruldy.

«Nesilde» çagalaryň dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri hem-de sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň ählisi döredildi. Bu ýerde oýun meýdançalary, hiňňillikler, howuzlar, körpeler üçin akwapark, tennis korty we futbol meýdançasy, basketbol we woleýbol meýdançalary, amfiteatr we beýleki desgalar bar. Esasy binada medeni merkez, sport we mejlisler jaýy, kompýuter klaslary ýerleşdirildi. Bulardan başga-da, bu ýerde çagalar üçin oýun meýdançalary, kinozal, gurnaklar klasy, umumy dynç alyş otaglary bar.

Tejribeli terbiýeçiler çagalaryň surat çekmek, aýdym hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmaklaryna ýardam berýärler. Üstesine,Gökderedäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda ýakynda geçirilen welosiped ýaryşynda «Nesiliň» türgenleri birinji orny eýelediler.

Bu desga ýurduň nebitgaz toplumynyň işgärleriniň çagalary üçin gurlan dördünji sagaldyş-dynç alyş merkezidir. Häzir bu jülgede birbada 2,5 müň çaga dynç alyp bilýär. Umuman, Gökderede onlarça häzirki zaman çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri guruldy, täzeleriniň düýbi tutulýar.

Meňzeş täzelikler

2014