Öňdebaryjy tehnologiýalar uglewodorod serişdelerini gözlemekde täze mümkinçilikleri döredýär

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy täze geofiziki tehnikalary, şeýle hem geologiýa-geofiziki maglumatlary işläp taýýarlamak hem-de düşündirmek boýunça iň häzirki zaman maglumat üpjünçiligini ulanmagyň hasabyna geofiziki barlaglaryň hili we maglumat berijiligi ýokarlandyryljak ZD meýdan seýsmiki toplumlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär.

Korporasiýada habar bermeklerine görä, häzirki wagtda geologlar nebit we gaz meýdançalarynda geologiýa-geofiziki hem-de buraw işlerini amala aşyrýarlar. Şol işleriň netijesinde uglewodorodlar mümkinçiligi uly bolan düzümleriň köpsanlysy ýüze çykaryldy, gözleg-barlag gorlarynyň bardygy subut edildi.

Häzirki wagtda korporasiýanyň önümçilik birleşikleri, maglumat we barlaghana merkezleri iň häzirki zaman tehnikalary bilen enjamlaşdyryldy. Geofiziki gullugyň ygtyýarynda iň häzirki zaman meýdan-seýsmiki we grawigözleg enjamlary, işläp taýýarlaýan we meýdan düşündirýän toplumlar bilen enjamlaşdyrylan meýdan ekspedisiýalary we işläp taýýarlaýan merkezleri bar. Bu bolsa öz gezeginde dürli ylmy-barlag hem-de taslama işlerini ýokary derejede alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Netijede Gündogar Türkmenistanda («Galkynyş», Ýaşlar we ş.m. känlerde) we Günorta-Günbatar Türkmenistanda (Akpatlawuk, Körpeje we ş.m. känlerde) ZD usulynda seýsmiki barlag işleri üstünlikli amala aşyryldy.

Bu ýerlerde geçirilen barlag işleri nebitiň we gazyň baý gorlary çaklanylýan täze, has çuňluklarda ýerleşen möhüm düzümleri öwrenmäge, şeýle hem öň üsti açylmadyk düzümleri ýüze çykarmaklyga gönükdirilen gözleg-barlag işleriniň usulyýet toplumyny işläp taýýarlamalyga mümkinçilik berdi.

Öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna Günorta Ýolöten meýdançasynda №26 belgili guýudan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymy alyndy. Bu bolsa, «Galkynyş» käniniň gaz saklanýan çägini günorta tarap giňeltmäge mümkinçilik berdi. Bagly we Jürji meýdanlaryndaky №1 belgili guýulardan alnan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymy bolsa, «Galkynyş» käniniň bu bölekleriniň senagat ähmiýetli gaz gorunyň bardygyny subut etdi.

Hünärmenleriň öňde goýlan meýilnamalary we çäreleri durmuşa geçirmegi geologlara nebit we gaz boýunça geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we Türkmenistanyň mineral-çig mal binýadyny berkitmäge ýardam eder.

Meňzeş täzelikler

2014