Alymlaryň teklipleri gaz gorlarynyň artmagyny üpjün etdi

«Türkmengaz» Döwlet konserniniň garamagynda ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň alymlary Ýolguýy we Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy gaz känleriniň täze geologiki modelini gurnadylar. Munuň üçin soňky barlag we ulanyş guýularynyň buraw materiallary peýdalanyldy.

Ýolguýy käninde gaz gorlaryny kesgitlemek boýunça geçirilen işleriň netijesinde olaryň görkezijileri 30 göterimden gowrak artdyryldy. Institutyň alymlarynyň maslahaty bilen barlag guýularyny burawlamagyň hasabynda käniň çäginiň giňeldilmegi bu kän boýunça ýyllyk çykarylýan tebigy gazyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy gaz käninde ätiýaçlyk gorlarynyň möçberi Türkmenistanyň gazylyp alynýan peýdaly serişdeleri boýunça Döwlet topary tarapyndan tassyklanan görkezijiden 20 göterim artyk boldy. Bu hem öz gezeginde gaz käninden alynýan tebigy gazyň ýyllyk mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berdi.

«Galkynyş» gaz känini tejribe-senagat ulanyş taslamasyna düzedişler» girizmegiň çäklerinde institutyň alymlary «Gaffney, Cline & Associates» (Beýik Britaniýa) kompaniýasy bilen bilelikde ýatagyň «Petrel-Eclips» ýokary tehnologiki maglumat üpjünçiliginiň esasynda döredilen sanly geologiýa-gidrodinamiki modelini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri geçirdiler.

Şol işleriň çäklerinde öňden bar bolan, şeýle hem gaýtadan alnan 3D seýsmiki maglumatlaryň, geologiýa-gözleg we ulanyş guýularynyň görkezijileriniň seljermesi we düşündirmesi geçirildi. Şolaryň esasynda hem käniň kompýuter geologiki modeli täzelendi. Täze tehnologiýalar modeliň maglumatlar binýadynyň möçberini we hilini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Bu bolsa kuwwatly öndürijilikli plast-kollektoryň gurluşynyň we sygym-filtrasion häsiýetnamasynyň jikme-jik seljermesini geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ýatagyň üç fazalaýyn giňişlikli geologiýa-gidrawliki modeli özleşdirmegiň tehnologiki görkezijileri uzakmöhletleýin döwür üçin köptaraply seljermek üçin ulanylypdy. Onuň esasynda gaz känlerinde özleşdirmegiň tapgyrlaryna, gatlaklaýyn we aralyk basyşyna, şeýle hem produktiw interwalyň perforasiýasynyň strategiýasyna laýyklykda ulanyş guýularyny netijeli ýerleşdirmek boýunça ylmy teklipler taýýarlanyldy.

Meňzeş täzelikler

2014