Nebitçileriň yhlasly zähmeti

Şu ýylyň başyndan bäri «Türkmennebit» Döwlet konserniniň «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri «gara altynyň» 414 müň tonnasyny çykardylar we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde önümçilik görkezijilerini 5,2 göterim artdyrdylar. Şeýle görkezijileriň gazanylmagynda şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda burawlanyp, senagat önümçiligine girizilen 9 sany ulanyş guýusynyň ähmiýeti diýseň uludyr.

Müdirligiň işgärleriniň ýokary depginli zähmetiniň netijesinde Barsagelmez we Nebitdag ýaly öňden işlenip gelinýän ýataklardan alynýan uglewodorod serişdeleriniň möçberi ýylyň-ýylyna artdyrylýar.

Müdirligiň nebitçileri döwrebap tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna önümçilik guýularyna hyzmat etmekde ýokary netijeleri gazanýarlar.

Gazylyp alynýan «gara altynyň» möçberini artdyrmakda önümçiligi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we täze tehnologiýalary, ýokary netijeli enjamlary ornaşdyrmak möhüm ähmiýete eýe bolýar. Mysal üçin, nurbatly sorujylaryň, gazlift enjamlarynyň we beýleki ýokary netijeli tehnologiýalary ornaşdyrylmagy oňaýly iş depginini üpjün etmäge we olary ulanmagyň ähli şertlerinde şol depgini saklamaga ýardam edýär.

Häzirki wagtda buraw işleri tamamlanan ýene-de üç sany guýuda özleşdirmek işleri dowam edýär. Olaryň ulanyşa girizilmegi netijesinde çykarylýan nebitiň möçberi has hem artar.

Meňzeş täzelikler

2014