Türkmenistanyň we Owganystanyň Liderleri TOPH taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen Daşkentde geçiren duşuşygynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Iki dostlukly döwletiň Liderleriniň duşuşygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde bolup geçdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dürli ulgamlarda, şol sanda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamlarynda türkmen-owgan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin örän uly kuwwatyň bardygyny belläp, diňe oňa gatnaşyjy ýurtlar üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem ähmiýetli bolan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegini umumy tagallalaryň üstünlikli birleşdirilmeginiň mysaly hökmünde görkezdi.

Bellenilişi ýaly, gurluşygynyň amala aşyrylmagy boýunça işler geçen ýylyň dekabrynda badalga alan bu transmilli energetika magistraly özüniň gönüden-göni wezipesinden başga-da, sebitde dostlugyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň özboluşly köprüsine öwrüler hem-de şonuň bilen birlikde, ählumumy energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine hakyky goşant bolar.

Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bolar. Ýerüsti kömekçi düzümleri goşmak bilen ony 2019-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde 12 müňden gowrak goşmaça iş orunlary dörär. Bu bolsa ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna örän oňat täsir eder.

Söhbetdeşler türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde ikitaraplaýyn Hökümetara toparynyň işine ähmiýetli orun berilýändigini-de bellediler. Bu toparyň altynjy mejlisi 15-nji iýunda Kabulda geçirildi. Onuň gün tertibine dürli ugurlar boýunça, şol sanda TOPH taslamasy boýunça, Türkmenistanda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde işlejek owgan hünärmenlerini tehniki taýdan taýýarlamaga degişli ugurlar babatda döwletara gatnaşyklarynyň birnäçe wajyp meseleleri girizildi.

Şeýle hem owgan tarapy Owganystanda uly isleg bildirilýän ýurdumyzda çykarylýan nebit-gaz önümlerini satyn almaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Meňzeş täzelikler

2014