Türkmenistan we Hytaý energetika, ulag we ýokary tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Daşkentde geçiriljek ŞHG-niň Sammitiniň çäklerinde energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça ýörite maksatnamany taýýarlamagy teklip etdi.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, bu günki gün Hytaý Türkmenistanyň daşary söwdasynyň umumy möçberinde ilkinji orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, gaz pudagynda hyzmatdaşlyk energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugry hökmünde agzaldy. 2009-njy ýylyň dekabryndan bäri hereket edýän Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi türkmen «mawy ýangyjynyň» HHR-a uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün edýär. Hytaý işewürliginiň wekilleri ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli maýa goýum taslamalaryna, şol sanda senagat we durmuş ähmiýetli wajyp desgalaryň gurluşyklaryna, hususan-da, ägirt uly «Galkynyş» gaz känini toplumlaýyn özleşdirmegiň çäklerindäki taslamalara örän işjeň gatnaşýar.

Şeýle hem Türkmenistanda amala aşyrylýan milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de bäsdeşlige ukyply taýýar nebit we gazhimiýa önümlerini çykarmaga ugur alan senagat düzümini ösdürmegiň maksatnamalaryny nazara alyp, özara hereket etmek üçin oňat mümkinçilikler açylýandygy bellenildi.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin gaz pudagynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmegiň gazanylan derejesine ýokary baha berip, energetika pudagynda Türkmenistanyň Hytaýyň esasy hyzmatdaşydygyny nygtady. Şeýle hem ol Türkmenistan-Gazagystan-Hytaý demir ýol ugrunyň geljeginiň örän ulydygyny aýdyp, ulag ulgamynda özara gatnaşyk etmek üçin  mümkinçiligiň bardygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda Hytaýy Türkmenistanyň çäkleriniň üsti bilen Ýewropa, Ýakyn Gündogar hem-de Orta Ýer deňziniň sebitleri bilen birleşdirýän üstaşyr geçelgeleriň netijeli işlemegini ýokarlandyrmak üçin ulag logistikasynda özara gatnaşyklary güýçlendirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň iýul-awgustynda hökümet derejesinde ulag ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça gepleşikleri geçirmek teklibini öňe sürdi. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Lideri HHR-iň Başlygy Si Szinpini BMG-niň howandarlygynda durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça birinji Ählumumy maslahatyna gatnaşmaga hem-de özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza gelmäge çagyrdy.

Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde aragatnaşyk we telearagatnaşyk ýaly ýokary tehnologiýaly innowasion pudaklarda gatnaşyklara ähmiýetli ornuň berilýändigini bellediler. Ýokary tehnologiýalar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini bellemek bilen, Türkmenistanyň we HHR-yň döwlet Baştutanlary bu ulgam üçin, älem pudagyny ösdürmek maksady bilen bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Meňzeş täzelikler

2014