Türkmenistan we Özbegistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimow  bilen Daşkentde ŞHG-niň Sammitiniň çäklerinde geçiren duşuşygynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin toplanan oňyn tejribäni kanagatlanma bilen belläp, onuň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge iki tarapyň hem taýýardygyny tassykladylar. Şu nukdaýnazardan, Gurbanguly Berdimuhamedow we Yslam Karimow uzakmöhletleýinlik esasynda guralýan söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini belläp, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň täze usullary babatynda bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň ornuna aýratyn ünsi çekdiler.

Energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki ugry hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, munuň özi gündogar ugry boýunça energiýa serişdelerini ugratmagyň durnuklylygyny hem-de ygtybarlylygyny üpjün etmäge, iki ýurduň yklymara ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyna has işjeň goşulyşmagy üçin zerur şertleri döretmäge ýardam berer.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak babatynda şu ýyl Prezident Yslam Karimowyň Aşgabada boljak saparynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň Lideri öňde boljak gepleşikleriň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hereket etmegiň  meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörejekdigine ynam bildirdi.

Öň habar berlişi ýaly, 2009-njy ýylda ulanyşa girizilen Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi energetika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iň iri taslamasy bolup durýar.

Häzirki wagtda bu magistral gaz geçirijisiniň umumy kuwwatlylygy ýylda 55 milliard kub metr gaza barabar bolan üç şahasy hereket edýär. Kuwwatlylygy ýylda 25 milliard kub metre barabar boljak dördünji şahany Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça gurmak meýilleşdirilýär. Onuň ulanyşa girizilmegi bilen türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberi ýylda 65 milliard kub metre barabar bolar.

Meňzeş täzelikler

2014