Energetika pudagy — Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri

Biz Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň özara gatnaşyklarynyň kuwwatyna ýokary baha berýäris diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji iýunda Daşkentde geçirilen ŞHG agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşinde eden çykyşynda nygtady. Şeýle hem Türkmen döwletiniň Lideri bu gatnaşyklaryň geriminiň örän giňdigini belläp, olaryň hatarynda energetika, ulag, aragatnaşyk, söwda ulgamlary kesgitledi.

Energetika ulgamy barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda energiýa serişdelerini Merkezi Aziýadan Günorta Aziýanyň we Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň bazarlaryna çykarmak boýunça toplumlaýyn turbageçiriji düzümi döretmek üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Şeýle meýilnamalaryň üstünlige eýediginiň subutnamasy hökmünde milletiň Lideri soňky ýyllarda Türkmenistandan Hytaýa we Eýrana gurlan turbageçirijilerini mysal getirdi. Geçen ýylyň dekabrynda ýene-de bir strategik taslama — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslama durmuşa geçirilip başlandy, diýip Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagynyň bu sebitleriň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berjekdigine, daşary ýurt maýadarlary tarapyndan işjeňligiň ýokarlandyrylmagy üçin höweslendiriş çäresi boljakdygyna ynam bildirip, döwlet Baştutany Türkmenistanyň bu ugurda bilelikdäki meýilnamalary işjeň ara alyp maslahatlaşmaga we işläp düzmäge taýýardygyny tassyklady.

Ulag-aragatnaşyk ulgamyny ŞHG ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, Prezident häzirki wagtda awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny ulanmak bilen «Demirgazyk — Günorta», «Günbatar — Gündogar» ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmegiň geljeginiň esaslandyrylan bolup görünýändigini belledi. Ol Ýuwaş ummandan Hazar deňzine we Gara deňze çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi birleşdirip bilerdi.

Pursatdan peýdalanyp, türkmen Lideri ŞHG-niň agza döwletleriniň ählisiniň wekiliýetlerini we synçylary şu ýylyň 26—27-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag boýunça ählumumy maslahatyň işine gatnaşmaga çagyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ŞHG ýurtlary bilen söwda dolanyşygyny giňeltmäge, eksport-import amallaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, senagat hem-de söwda düzümlerini döwrebaplaşdyrmak üçin tejribäni we tehnologiýalary çekmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, bilelikdäki kuwwatyň şeýle aragatnaşyklary özara bähbitlilik hem-de uzak möhletli esasda guramaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

ŞHG bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň möhüm bölegidir. Bu ugur bolsa sebit prosesleriniň durnukly hem-de deňagramly bolmagyny, işjeň ykdysady we söwda gatnaşyklaryny üpjün etmäge, iri halkara düzümleýin taslamalary amala aşyrmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Meňzeş täzelikler

2014