TNGIZT-da adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça türgenleşikler geçirildi

Aýratyn yssy tomus paslynyň gelmegi bilen baglylykda Türkmenistanyň sebitlerinde adatdan daşary ýagdaýlary duýdurmak we olary aradan aýyrmak boýunça degişli düzümleriň ylalaşykly hereketlerini üpjün etmek boýunça meýilnamalaýyn çäreler geçirilýär.

Ýakynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýörite bölünip berlen çäginde dürli derejeli çylşyrymlykdaky ýangyny söndürmegiň döwrebap serişdelerini we usullaryny ulanmak boýunça türgenleşikler geçirildi.

Şu ýylyň ýanwarynda ýurdumyzyň ilatynyň asuda we howpsuz durmuşyny ýokary derejede üpjün etmek, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet toparynyň 2016-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny tassyklady.

Ýangynlaryň öňüni almak hem-de ýangyndan goranmak bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça şu günler guralýan türgenleşik çäreleri degişli edaralaryň hem-de adatdan daşary ýadaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça gulluklaryň hünärmenleriniň we tutuş şahsy düzüminiň sazlaşykly işini häzirki döwrüň talaplarynyň derejesine çykarmaga ýardam eder. 

Meňzeş täzelikler

2014