Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri üçin öýler

Aşgabady binagärlik taýdan ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde Seýdi – Mollanepes köçeleriniň aralygynda «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserniniň buýurmagynda 12 gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp barylýar. 1,5 gektardan ybarat meýdanda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Dowamat» hojalyk jemgyýeti üç we dört otagdan ybarat 72 öýli ýaşaýyş jaýyny gurýar.

— Biziň gurluşyk brigadalarymyz bir wagtyň özünde toplumlaýyn işleri amala aşyrýarlar. Şeýlelik bilen, montažçylarymyz jaýyň sekizinji gatynda demirbeton desgasyny oturtmak işini tamamlap gelýärler, beýleki bir brigadamyz bolsa ikinji gatda aralyk kerpiç diwarlaryny dikeltmek bilen meşgullanýarlar, sokol gatynda bolsa eýýäm diwarlar suwalýar. Şertnamalaýyn borçnamalaryna laýyklykda desga şu ýylyň dekabr aýynda ulanyşa giriziler — diýip, «Dowamat» HJ-niň desga boýunça proraby Röwşen Rejepow gürrüň berýär.

Toplumyň umumy infrastrukturasyna jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin bina, çagalar we sport meýdançalary, ýerasty awtoduralga, şeýle hem toplum hereket etmegi üçin zerur bolan desgalar girýär. Desganyň ýanaşyk ýerlerinde agaçlardan we gyrymsylyklardan ýaşyl zolaklar döredilip, oňaýly oturgyçlar oturdylar.

Ýaşaýyş jaý gurluşygynyň esasy maksady ilatyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň möhüm görkezijileriniň biri bolan jaý bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak bolup durýar.

Ak mermerli Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyklarda bu günki gün esasy talaplar hökmünde gurulýan desgalaryň ygtybarlylygy, berkligi, ekologik howpsuzlygyň berjaý edilmegi, energiýa tygşytlylygy we göze gelüwliligi ýaly talaplar çykyş edýär. Bu zatlar bolsa, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» şygar astynda durmuşa geçirýän paýtagty özgertmek boýunça ýaşaýyş-durmuş syýasatynyň düýp özeni bolup durýar.

Meňzeş täzelikler

2014