Ýerli çig mallardan guýular üçin buraw erginleri

«Türkmengaz» Döwlet konserniniň garamagynda ylmy-barlag tebigy gaz institutynda ýokary berkidijilik we termoduz, şeýle hem polimineral zyýanlara (rapa) garşy durnuklylyga ukyply toýunly sulfat — natriý buraw ergini işlenip taýýarlanyldy we öwrenildi. Erginleriň düzümi Türkmenistanyň № 430 belgili patenti bilen goralandyr. Bu erginiň peýdalanylmagy import edilýän himiki reagentleriň, agyrlaşdyryjylaryň we buraw dolotlarynyň önümçilik wagtyny gysgaltmaga mümkinçilik berer.

Buraw erginini minerallaşdyryjy hökmünde institutyň alymlary «Garabogazsulfat» kombinatynyň öndürýän natriý sulfatyndan peýdalandylar. Natriý sulfaty «Türkmengaz» DK-nyň we «Türkmengeologiýa» DK-nyň bölümleri tarapyndan kyrkdan gowrak guýyny burawlamakda ulanyldy. Burawlamak işi çylşyrymly dag-geologiýa şertlerinde, şol sanda, «Minara», «Galkynyş», «Akmaýa» we beýleki rapodöremeli känlerde geçirildi.

Işlenip taýýarlanan pes dykyzlykly az toýunly erginler № 393 we № 513 belgili patentler bilen tassyklanyldy we çylşyrymly geologiýa şertlerinde guýulary gazmak işini alyp barýan «Türkmengaz» DK-nyň burawçylaryna peýdalanmaga hödürlendi.

Meňzeş täzelikler

2014