ABŞ TOPH taslamasyny goldaýar — ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Allan Mastard «Arzuw news» habarlar saýtyna beren interwýusynda Türkmenistanda-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldaýandygyny beýan etdi. Diplomat şeýle hem sebitde durnuklylygy saklamakda we ykdysady ösüşi üpjün etmekde taslamanyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtap geçdi.

«Umuman, biz TOPH taslamasyny goldaýarys, çünki ol Orta Aziýanyň daşarky dünýä bilen, hususan-da, Günorta Aziýa bilen integrirlenmeginde esasy taslamalaryň biri bolup durýar. Şeýle aragatnaşyklar öň Beýik Ýüpek ýolunyň hereket edýän döwründe bardy. Indi bolsa biz Orta Aziýany Günorta Aziýa bilen baglanyşdyrýan şol taryhy gatnaşyklary gaýtadan dikeltmäge çalyşýarys. TOPH bolsa, şu jähetden esasy taslamadyr — diýip, A.Mastard aýdýar»

Mastardyň aýtmagyna görä, gaz geçirijiden başga-da bu ugur boýunça awtomobil we demir ýollary, optika-süýüm aragatnaşyklary we ş.m. gurlar. Bu zatlaryň bilelikde Orta Aziýany, hususan-da, Türkmenistany Pakistan, Hindistan we Owganystan bilen baglanyşdyrar. Hut şonuň üçin hem biz TOPH taslamasyny goldaýarys — diýip Ilçi belleýär.

Amerikan diplomatynyň belleýşi ýaly, «Biz — ABŞ Aziýa Ösüş Bankynyň paýdary bolup durýar, şonuň üçin biziň serişdelerimiz hem taslama gönükdirilýär we biz hem şu nukdaýnazardan taslama gatnaşýandygymyzy bellemelidiris».

Öň belläp geçişimiz ýaly, 2013-nji ýyldan bäri AÖB TOPH taslamasynyň tranzaksion geňeşçisi bolup durýar. Bank taslamanyň tehniki-ykdysady taýdan deslapky esaslandyrmasy, howplaryň we bazaryň derňewi, hukuk maslahaty, howpsuzlyk meseleleri boýunça marlaglar we ş.m. üçin dört milliondan gowrak amerikan dollaryny bölüp berdi.

Iýun aýynda AÖB TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin maliýe serişdelerini bölüp bermäge gyzyklanma bildirýändigini habar berdi.

Häzirki wagtda «Türkmengaz» we «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konsernleri TOPH gaz geçirijisiniň  214 kilometrlik türkmen böleginiň gurluşygyny dowam edýärler. Gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 1814 kilometre barabar bolup, şol sanda, Owganystanyň çäginden – 774 km, Pakistandan Hindistan bilen araçäkleşmä çenli – 826 km geçiriler. Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde gurluşyk işleriniň potratçysyny halkara bäsleşiginiň netijeleri boýunça saýlarlar.

Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metr bolar. Gurluşygy tamamlamak we gaz geçirijini dolulygyna ulanyşa girizmek 2019-njy ýylyň dekabryna meýilleşdirilýär.

«Türkmengaz» DK TOPH gaz geçirijisini gurmak we ony ulanmak üçin döredilen «TAPI Pipeline Company Limited» ÝGPJ-niň halkara konsorsiumynyň lideri bolup durýar.

Şu ýylyň aprelinde «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň paýdarlary Aşgabatda maýa goýum Ylalaşygyna gol çekdiler. Onuň ilkibaşdaky býujeti 200 million amerikan dollary möçberde bolup, ol TOPH gaz geçirijisiniň indiki tapgyryny maliýeleşdirmek üçin gönükdiriler. Onuň düzümine, şeýle hem, ugruň jikme-jik inženerçilik barlagy, Owganystanyň çäklerinde daşky gurşawa ekologiki we durmuş täsirini öwrenmeklik degişlidir.

Iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijisiniň Owganystanyň we Päkistanyň çäklerinde başlangyç böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin 45 million amerikan dollaryndan gowrak möçberde serişdeleri bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi.

Meňzeş täzelikler

2014