«Sifal» kompaniýasy TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşmaga meýil bildirýär

«Sifal» kompaniýasy Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna, şeýle hem başga-da birnäçe sebitleýin we milli ähmiýetli desgalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga meýil bildirýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Žil Remi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda beýan etdi. Duşuşygyň barşynda fransuz işewüri bu babatda birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de fransuz işewüri bilelikdäki netijeli iş boýunça toplanan tejribäni nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk düzümi, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň geljekki esasy ugurlary hökmünde görkezildi.

Myhmanyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde sebitleýin we halkara derejesinde möhüm ähmiýete eýe bolan iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirýän Türkmenistana dünýäniň, hususan-da, Ýewropanyň iri işewürligi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýär.

Fransiýaly hyzmatdaşlar bilen köpýyllyk netijeli gatnaşyklary kanagatlanma bilen belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýä işewürleriniň wekilleri bilen ýygjam hem-de netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy.

1993-nji ýylda Türkmenistanda öz wekilligini açan «Sifal» kompaniýasy döwlet edaralary hem-de biziň ýurdumyzda hereket edýän köpsanly daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Nebitgaz ulgamynda kompaniýa hyzmatlaryň we işleriň giň toplumyny, şol sanda, barlamak we çykarmak pudagynda ýatagyň ekspertizasy we bahalandyrmasy, enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak, söwda we işewürlik wekilçiligi ýaly hyzmatlary hödürleýär.

Mundan öň, AÖB, YÖB, Saud ösüş gaznasy we Ýaponiýanyň hökümeti TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmeklige gatnaşmaga meýillerini beýan edipdi.

2016-njy ýylyň maýynda Türkmenistanyň VII Halkara gaz kongresiniň çäklerinde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek hem-de maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Şu nukdaýnazardan daşary ýurt hyzmatdaşlaryň taslama gatnaşmagynyň esasy üç ugry, ýagny, söwda boýunça — turba önümleri hem-de enjamlar bilen üpjün etmek; maliýeleşdirmek boýunça — karz serişdelerini bermek; maýa goýumlar boýunça —ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek işine goşulmak we TOPH konsorsiumyna gatnaşmak ugurlaryna seredilip geçildi.

Meňzeş täzelikler

2014