Gazhimiýa toplumy üçin enjamlar

Ýylyň ahyryna çenli polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynda etanyň krekingi oturdylan tehnologiki we kömekçi enjamyň montaž işleri tamamlanar.

Geljekki gazhimiýa toplumynyň ägirt uly gurluşyk meýdançasy Balkan welaýatynda Hazar deňziniň kenaryndaky Gyýanly şäherçesiniň golaýynda ýerleşýär. Desganyň baş potratçylary hökmünde çykyş edýän — «Hyundai Engineering Co.,», «LG International Corp.» we «TOYO Engineering Corp.» kompaniýalarynyň konsorsiumy öz wagtynda işe girizmek şerti bilen zwodyň gurluşyk işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Eýýäm reaktorlar, kompressorlar, nasoslar we rezerwuarlar ýaly tehnologiki we kömekçi enjamlaryň 200-den gowragy oturdyldy. Ýerasty turba geçirijileriň montaž we oturtmak işleri, tehnologiki enjamlaryň ýerüsti bölekleri ýokary depginler bilen oturdylýan turba estakadalaryny gurmak işleri tamamlanyp gelýär, şol bir wagtda beýleki işler hem alnyp barylýar.

Häzirki wagtda zawodyň gurluşygynda 16 sany daşary ýurtly we milli kömekçi potratçy guramalar hereket edýär, müňden gowrak gurluşyk tehnikalary işe girizildi. Ýakynda gurluşygy alnyp barylýan kärhananyň çäklerinde kebşirleýjileri taýýarlaýan we olaryň hünär kämilligini artdyrýan okuw merkezi açyldy. Gurluşyk meýdançasynda biziň ýurdumyzdan 8 müňe golaý işçi we 1300-e golaý daşary ýurtly hünärmenler zähmet çekýär. Bu ýerde ýaşamak we dynç almak üçin ähli şertler göz öňünde tutulan 5 müň adama niýetlenilen işçileriň şäherçesi döredildi. Bu ýerde sport zallary we meýdançalary, kir ýuwulýan ýerler, lukmançylyk nokatlary, naharhanalar dellekhanalar, kinoteatrlar gurlup zerur enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Bu taslamanyň çäklerinde gazturbinaly elektrostansiýany gurmak, deňiz suwuny ýygnaýan we süýjüdýän desgany, azot, howa, bug öndürmek, zeý suwlarynyň arassalamak boýunça desgalary we ş.m. oturtmak göz öňünde tutulýar. Öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagyny gazanmak maksady bilen bu pudakda TOYO (Ýaponiýa), INEOS (Beýik Britaniýa), LUMMUS (ABŞ), GRACE (ABŞ) ýaly dünýäde öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary hilli tehnologiýalary peýdalanyldy.

Uglewodorod gazlaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemek netijesinde ýokary goşulan bahaly himiki önümleri — ýylda dürli sortda 81 müň tonna polipropilen we 386 müň tonna polietilen almak polietilen turbalaryny, gaplama önümlerini, dokma süýümlerini, elektrik enjamlaryny, sintetiki halylary öndürmek üçin sapaklary we ş.m. öndürmekde giňden ulanylýar. Esasy önümlerden başga-da, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna şol ýerden ýokary hilli benzin almak üçin çig mal hökmünde ibermek maksady bilen goşmaça önüm hökmünde kärhanada ýylda 49 müň tonnadan gowrak piroliz benzini öndüriler.

Täze kärhana çig mal gazlaryny gaýtadan işläp polimerlere öwürýän, şol sanda çig mal gazyny arassalamak, ony fraksiýalara bölmek, parafinleriň termiki krekingi, etileniň we propileniň polimerasiýasy ýaly aralyk tapgyrlary öz içine aljak özboluşly toplum bolar. Etanyň krekingi desgaly polipropilen we polietilen öndürjek zawodyň taslamasy «TXF» (Beýik Britaniýa) guramasynyň ýörite baýragyna ýöne ýerden mynasyp bolmady ahyryn.

Bu özboluşly taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir ýurduň içerki zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga däl, eýsem bu önümi daşarky bazarlara çykarmaga hem mümkinçilik berer.

Meňzeş täzelikler

2014