Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 71-si hasaba alyndy.

Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gankongdan, Singapurdan, Owganystandan, Latwiýadan, Estoniýadan, Gazagystandan we Täjigistandan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, polipropileni, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen wakuumly gazoýly, dizel ýangyjyny, M-100 kysymly mazudy, “B” kysymly karbamidi we “A” kysymly tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) hem-de suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplükler, pagta süýümi, ulýuk, pagta linti we buýan köki, ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Türkiýe we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 65 million 681 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Niderlandlardan, Hindistandan, Pakistandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler jemi bahasy 3 million 436 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi, pagta soapstokynyň çig ýagly kislotasyny satyn aldylar.

Meňzeş täzelikler

2014