Gurbanguly Berdimuhamedowyň dalaşgärlik maksatnamasy Türkmenistany dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmagy maksat edinýär

Ýakynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi saýlaw topary Gurbanguly Berdimuhamedowy 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Prezident saýlawlarynda dalaşgär hökmünde bellige aldy. Kanunçylyga laýyklykda, döwlet Baştutany HBS-de öz dalaşgärlik maksatnamasy bilen çykyş etdi.

Ilkinji nobatda Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, senagatda we oba hojalygynda, telekeçilikde ýokary zähmet öndürijiligini gazanyp, bäsleşige ukyply türkmen harytlaryny halkara bazarlara öňküden-de has köp çykarmagyň ykdysady usullaryny durmuşa ornaşdyrmak we ilatymyň jan başyna düşýän girdejisini öňdebaryjy döwletleriň görkezijileriniň derejesine ýetirmek wezipesini kesgitledi.

«Bilimli nesil – kuwwatly Watan!» şygaryny öňe sürmek bilen Prezident « ylmyň we bilimiň, medeniýetiň, ynsanperwer ulgamyň ösüşine giň ýol açjak ähli şertleri döretmek» boýunça meýilnamalaryny beýan etdi. Munda kommunikasiýalar we multimediýa tehnologiýalary ulgamynda hünärmenleri taýýarlamaklyga aýratyn üns berilýär.

Durmuş syýasaty ulgamynda halkyň durmuş taýdan goraglylygyny has-da berkitmek, bu ugurda kanunçylygy döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek, şeýle hem raýatlar üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede bolmagyny üpjün etmek meýilleşdirilýär. Saglyk öýlerini, saglygy goraýyş merkezlerini, hassahanalary, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini gurmak boýunça alnyp barylýan işler mundan beýläk-de dowam eder.

Şeýle hem ilatyň girdejilerini yzygiderli artmak, zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny, döwlet kömek pullaryny köpeltmegi, raýatlara niýetlenen ýaşaýyş-durmuş ýeňilliklerini üns merkezinde saklamak meýilleşdirilýär. Ýurduň raýatlaryny, aýratyn hem, ýaşlary iş bilen üpjün etmek, olaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli zerur çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezidentiň maksatnamasyna laýyklykda maşgalany maddy taýdan goldamagy dowam etdirmek, her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen serişdeleriň zerur möçberlerde goýberilmegini gazanyp, jemgyýetiň binýady hasaplanýan maşgalanyň, şeýle hem eneligi we çagalygy goramagyň düýpli meselelerini mundan beýläk-de üstünlikli çözmäge ýardam bermek göz öňünde tutulýar. Ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim we sport merkezleriniň we durmuş-medeni maksatly beýleki desgalaryň gurluşygy dowam eder. 

Senagatda uglewodorod serişdelerini iň häzirki zaman tehnologiýalary esasynda düýpli gaýtadan işlemegi, benzin, polipropilen, suwuklandyrylan gaz ýaly önümleri öndürmegi ýola goýmak, elektron senagaty döretmek, energiýanyň alternatiw çeşmelerini ösdürmek, ýurdy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek maksat edinilýär. Şeýle hem telekeçiligi mundan beýläk hem ösdürmek üçin amatly şertler dörediler.

Älem giňişligini öwrenmek üçin häzirki zaman obserwatoruýalar merkezini döretmek, täze emeli aragatnaşyk hemralaryny älem giňişligine çykarmagy dowam etmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanynyň öňe sürýän maksatnamasynyň aglaba bölegi obasenagat toplumyny pugtalandyrmak, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak ýaly çärelere bagyşlanýar. «Obalarda şäherlere bäs edýän şertleri dörederis» diýip Prezident nygtaýar.

Azyk önümleriniň arzan bahadan, elýeterli bolmagyny ygtybarly üpjün etmek üçin dowarlaryň we iri şahly mallaryň, guşlaryň baş sanyny artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Syýasy ulgamy döwrebaplaşdyrmak, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ornuny ýokarlandyrmak, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça işler dowam etdiriler.

Halkara syýasaty ulgamynda Gurbanguly Berdimuhamedow halkara terrorçylyga, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, parahorluga garşy alnyp barylýan göreşi halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly dowam etdirmäge ünsi çekdi.

Milli goşuny, Harby-deňiz güýçleri, serhet birikmeleriniň kuwwatyny artdyrmak, hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek, gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyny gazanmak meýilleşdirilýär.

Dalaşgärlik maksatnamasynda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şeýle hem 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek üçin tagallalary güýçlendirmek meýilleşdirilýär.

Dalaşgärlik maksatnamasy bilen çykyş edenden soňra Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň teleýaýlymlarynda özüne berlen wagty Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine beýleki dalaşgärlere paýlamagy Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topardan haýyş etdi.

Meňzeş täzelikler

2014