Hazaryň hukuk derejesi boýunça Iş toparynyň duşuşygy ýanwarda Bakuda ýa-da Aşgabatda geçiriler – Azerbaýjanyň DIM-i

Hazaryň hukuk derejesi baradaky Konwensiýany işläp düzmek boýunça ýörite Iş toparynyň nobatdaky mejlisi 2017-nji ýylyň ýanwarynyň üçünji ongünlüginde Aşgabatda ýa-da Bakuda geçiriler, diýip Azerbaýjanyň DIM-niň orunbasary Halaf Halafowyň beýan eden sözlerini Interfaks-Azerbaýjan habar berýär.

«Iş toparynyň nobatdaky mejlisi ýanwaryň üçünji ongünlüginde geçiriler. Ol ýa Aşgabatda, ýa Bakuda bolar. Häzirki wagtda bu mesele boýunça ylalaşyk işleri dowam edýär» - diýip, H.Halafow sişenbede žurnalistlere habar berdi.

«Hazaryň hukuk derejesi baradaky Konwensiýanyň aglaba bölegi ylalaşyldy. Galan meseleler boýunça gepleşikler dowam edýär. Astanada geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň indiki sammitine çenli şol meseleler boýunça ylalaşyklary gazanmagy meýilleşdirýäris» diýip ol belledi.

H.Halafowyň sözlerine görä, taraplar uly işler alyp bardylar we köp sanly meseleler boýunça umumy ylalaşyk gazandylar. «Meseleleri çözmek boýunça bäş ýurduň ählisiniň hem çemeleşmeleri birek-birege ýakyn. Käbir detallar galy, olaryň iň wajyby bolsa bölüşmek ýörelgesi bolup durýar. Konwensiýanyň taslamasyny gutarnykly tassyklamak üçin biz ähli işleri jemlemegi we ony döwlet Baştutanlarynyň gol çekmegi üçin taýýarlamagy meýilleşdirýäris» diýip ol belledi.

Ministriň orunbasary şeýle hem Hazaryň hukuk derejesi baradaky meseläniň ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly köptaraplaýyn esasda hem çözülýändigini belledi. «Köptaraplaýyn gepleşikler esasan hem Konwensiýanyň taslamasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Ikitaraplaýyn gepleşikler bolsa birek-birege ýakyn ýerleşen döwletleriň arasynda çözülýär» diýip, H.Halafow belledi.

Mysal hökmünde H.Halafow Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Russiýanyň eýýäm bu meselede ylalaşandygyny nygtap geçdi.

«Eýýäm güýje giren ylalaşyk hem bar. Eýran hem-de Türkmenistan bilen gepleşikler dowam edýär. Biz bu meseläni çözmeklige ol ýa-da beýleki nebitgaz ýatakly çäkler boýunça garaýyşlaryň çapraz gelmegi nukdaýnazaryndan däl-de, onuň düýbüni doly bölmek nukdaýnazaryndan çemeleşýäris» diýip ol habar berdi.

Meňzeş täzelikler

2014