Nebit çykarylyşyny çäklendirmäge garaşylýan döwürde onuň bahasy ýokarlanýar

OPEC we oňa girmeýän döwletleriň nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşykdaky borçnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşyklylykda sişenbe güni nebitiň dünýä boýunça bahalary ýokarlanýar, diýip РИА Новости söwda geleşikleriniň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

20:15 wagtda çenli Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň martdaky fýuçersleriniň bahasy 1,16 göterim ýokarlanyp – barrel üçin 56,55 dollara barabar boldy. WTI kysymly nebitiň fewraldaky fýuçersleriniň bahasy 1,26 göterim artyp, barrel üçin 53,69 deň boldy.

Sişenbe güni nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagynyň esasy şerti hökmünde OPEC-iň we oňa degişli bolmadyk 11 sany döwletiň 1-nji ýanwardan nebit çykarylyşyny çäklendirmegi boýunça maýadarlaryň ýagşy niýetde bolmagy çykyş edýär. Çäklendirmäniň möçberi bir günde 1,8 mln barrel bolar. Ylalaşyk möhletini uzaltmak mümkinçiligi bilen birinji ýarymýyllyk üçin baglanyşyldy.

Meňzeş täzelikler
2014