V Aziýa oýunlarynyň atly ýörişi Daşoguza geldi

Deňizýaka Türkmenbaşy şäherinden soňra Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli 500 günlük atly ýörişe gatnaşyjylar Daşoguza geldiler.

Uly sport oýunlarynyň hoş habarçylarynyň gelmegi mynasybetli mynasybetli Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada uly dabara gurnaldy. Oňa Täze ýylyň esasy gahrymanlary – Aýazbaba we Garpamyk, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, artistler, ak sakgally ýaşulular, sport bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdy.

Ahalteke bedewlerine atlanan ýigitler mähirli garşy alyndy, olara duz-çörek hödürlenildi. Mele myssyk çörek, milli naharlar, süýjülikler, türkmen topragynyň datly tagamlary hödür edildi. Welaýatyň baş arçasynyň töwereginde dürli döredijilik sungat toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Atly ýörişiň indiki tapgyry Mary welaýatynyň çäklerinden geçer. Bu ýerde bütin dünýä belli «Galkynyş» gaz käninde Aziada-2017-niň alawyny ýakmak dabarasy geçiriler. 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda bolsa atly topar Aşgabada Olimpiýa şäherjigine geler. Bu ýerde sagat 17-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşy bolar. Biziň ählimiz bu uly sport baýramçylygyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!

Meňzeş täzelikler
2014