Täze ýylyň bellenilýänligi mynasybetli dynç güni 2017-nji ýylyň 2-nji ýanwaryna geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç güni 2-nji ýanwara — duşenbe gününe geçirilýär.

Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Resminamada bellenilişi ýaly, bu ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen edilýär.

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Täze ýyl mynasybetli «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan ajaýyp dabaralara gatnaşdy. Şu günler bu ýere köp sanly çagalar, şol sanda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen çagalar ýygnanýar. Baş arçanyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşmaga çakylygy oňat okaýanlar, ders bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri hem-de çagalar öýlerinde terbiýelenýän çagalar aldylar.

Döwlet Baştutany işiniň köpdügine garamazdan, Baş arçanyň ýanyndaky Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşmak üçin wagt tapyp, her ýyl höwes bilen barýar. Prezidentiň ösüp gelýän ýaş nesil bilen her gezekki söhbetdeşligi Watanymyzyň geljegi, onuň ertirki güni baradaky gürrüňdeşlige öwrülýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleriň söýgüli baýramçylygynyň şatlygyny çagalar bilen paýlaşdy. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Täze ýyl sowgatlarynyň gowşurylmagy çagalaryň şatlygyna şatlyk goşdy.

Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanyndaky bu günler dabaralar barha giň gerim alýar. Bu dabaralar Täze ýyl gijesi geçiriljek has uly dabara tarap hemmelere şatlyk-şowhun paýlap barýar.

Meňzeş täzelikler

2014