2016-njy ýyl dürli ulgamlarda, içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlarynda gazanylan ýeňişlere we üstünliklere beslendi – Türkmenistanyň Prezidenti

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen Täze ýylyň baýramçylyk çärelerine gatnaşdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi milli parlamentiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar.

Ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri döwlet Baştutanymyzy bu röwşen baýram bilen gutlap, hormatly Prezidente tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, çäksiz gujur-gaýrat arzuw etdiler. Ýygnananlar hormatly Prezidentimize alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler we döwlet Baştutanymyza ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň işgärler toparlarynyň, giň jemgyýetçiligiň, oba zähmetkeşleriniň, Ýaragly Güýçleriň şahsy düzümleriniň hem-de ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň adyndan iň gowy gutlaglaryny aýtdylar.

Hoşniýetli arzuwlar we şu ýylda bitirilen asylly işler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary Täze, 2017-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady we Täze ýylyň umyt-arzuwlaryň amala aşýan, rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýän ýyla öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň we ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň, türkmen we daşary ýurtly diplomatlaryň gatnaşmagynda Täze ýyl dabarasy başlandy. Gutlag sözi bilen çykyş edip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu baýramçylyk dabarasynyň dürli döwletleriň wekillerini birleşdirendigini, munuň bolsa dost-doganlygyň nyşany bolup durýandygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz belleýşi ýaly, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly bolan 2016-njy ýyl dürli ulgamlarda, milli bähbitlerimiziň, şeýle hem bütin dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlarynda gazanylan ýeňişlere we üstünliklere beslendi.

Bellenilişi ýaly, 2016-njy ýylyň milli medeniýetimizi, taryhymyzy çuňňur öwrenmek, ony bütin dünýäde wagyz etmek ýyly boldy, 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bolsa bütin dünýäde ýurdumyzyň sport abraýynyň belende göterilmegine ýardam berer. 

Döwlet Baştutany 2017-nji ýylda bu döwür üçin ähli göz öňünde tutulan maksatnamalaryň amala aşyryljakdygyna, bellenilen sepgitlere we maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirip, ýygnananlary we bütin halkymyzy ýene bir gezek Täze ýyl bilen gutlady.

Soňra baýramçylyk şüweleňi ýaýbaňlandyryldy, onuň maksatnamasyna sungatyň dürli görnüşleri boýunça aýdym-saz, tans çykyşlary girizildi, olarda döredijiligiň dürli taraplary açylyp görkezildi hem-de folklor çeşmeleri häzirkizaman estrada äheňleri bilen sazlaşygy emele getirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz döreden eserlerini — döwlet Baştutany tarapyndan ýakynda ýazylan aýdymlary öz ýakymly heňi, tolgundyryjy sözleri bilen ýerine ýetirmegi diňleýjileriň ählisiniň kalbynda orun alyp, ýatdan çykmajak täsirleri galdyryp, ýygnananlarda aýratyn ruhubelentlik joşgunyny emele getirdi, munuň şeýledigini şowhunly elçarpyşmalar hem tassyklady.

Meňzeş täzelikler
2014