Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler maksatnamalary bilen çykyş etdiler

Türkmenistanda 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilmegi meýilleşdirilen döwletiň iň ýokary wezipesine dalaşgärleriň saýlaw möwsümi dowam edýär. Ýurduň Merkezi saýlaw topary syýasy partiýalar we raýatlaryň teklipçi toparylary tarapyndan öňe sürlen dokuz sany dalaşgäri hasaba aldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine Demokratik partiýadan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan - «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Atalyýew, Agrar partiýadan Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow, raýatlaryň teklipçi toparlaryndan – Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow bellige alyndy.

Merkezi saýlaw topary 26-njy dekabrda ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige ýene-de bäş sany dalaşgäri bellige aldy. Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna 9 adam bellige alyndy.

Olar raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan öňe sürüldi. Olaryň hatarynda Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew; Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Mejlisiň deputaty Ramazan Mustapakulyýewiç Durdyýew; Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanow; Ahal welaýatynyň baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy Serdar Begmuhammedowiç Jelilow; «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Garabogazsulfat» önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesow bar. Dalaşgärleriň ählisi teklipçi toparlar tarapyndan hödürlendi. Munuň özi bolsa raýatlaryň gönüden-göni döwleti dolandyrmaga gatnaşýandygyna güwä geçýär. Dalaşgärleriň hemmesine degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Bekmyrat Atalyýewiň maksatnamasynda bellenilişi ýaly, ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de telekeçiligi goldamak we ösdürmek ileri tutulýan ugur hökmünde orun alýar. «Maliýeleşdirmekde, ýeňillikli karz almaga, öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary satyn almaga şert döretmekde, täze önümçilik hem-de medeni-durmuş desgalaryny gurmakda, salgytlaryň möçberini azaltmakda, algy-bergi işini kämilleşdirmekde döwlet derejesinde goldaw berilmegi hususyýetçileriň işiniň ösmegine ýardam edýär» diýilýär.

Öz gezeginde Jumanazar Annaýew ýurduň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. «Ekin meýdanlarynyň suwarymly ýerlerdigini nazarda tutup, suw howdanlarynyň, derýalaryň, ýaplaryň suwlarynyň ýitgisiz ulanylmagyny üpjün etjek gidroirrigasion desgalaryny bina etmek işlerine uly ähmiýet bereris» diýip Annaýew belleýär. Mundan başga-da, onuň aýtmagyna görä, her ýyl pensiýalaryň, kömek pullarynyň, zähmet we talyp haklarynyň möçberlerini artdyrmak dowam etdiriler.

Maksat Annanepesowyň maksatnamasynda durmuş üpjünçiligi, ulag we aragatnaşyk, nebitgaz we beýleki pudaklarda, zawodlaryň we fabrikleriň gurluşygynda, beýleki önümçilik desgalaryny gurmakda işler alnyp barylar. Mundan başga-da, ol pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy gazanjakdygyny aýtdy.

Ramazan Durdyýewiň maksatnamasynda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge, ýurduň baý tebigy känlerini özleşdirmek işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. «Turba geçirijiler, desgalar we kommunikasiýalar ulgamynda nebitgaz toplumynyň kämil düzümini dörederis. Nebiti gaýtadan işlemek we nebitgaz hem-de himiýa pudaklaryny ösdürmek bu ulgamyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň içerki syýasatynyň esasy ugry bolar» diýip R.Durdyýew aýtdy.

Ähli dalaşgärler özleriniň Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine we tebigy gazyň dünýä bazarlaryna eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga ygrarlydyklaryny nygtaýarlar. 

Meňzeş täzelikler

2014