Täze ýylda Türkmenistanda ilkinji nobatda Prezident saýlawlaryna möhüm ähmiýet berilýär

2017-nji ýyl uly taryhy wakalara beslener. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary şol wakalaryň arasynda örän möhüm ähmiýete eýe bolar, diýip döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlaryna Täze ýyl gutlagynda aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, saýlawlara ilkinji gezek syýasy partiýalaryň üçüsiniň, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Agrar partiýasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gatnaşmagy onuň ýokary derejede bäsleşikli geçmegini üpjün eder.

«Men Prezident saýlawlarynyň biziň raýatlarymyzyň durmuş-syýasy işjeňligini we kämilligini has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn!» diýip Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany watandaşlaryna ýüzlenmesinde 2017-nji ýylyň hem uly ösüşleriň, ruhubelentligiň we üstünlikleriň ýyly boljakdygyna berk ynanýandygyny beýan etdi. «Täze ýylda il-ýurt bähbitli maksatnamalarymyzy, uly tutumlarymyzy amala aşyrmakda mähriban halkymyň yhlasly we tutanýerli zähmetine bil baglaýaryn» diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany şeýle hem 2017-nji ýylda Ahal welaýatynda geçiriljek Ýaşulularyň maslahatynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň aýdyň ýoluny görkezjek döwletli maslahat ediljekdigini, öňde duran möhüm wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi.

Prezidentiň gutlagynda nygtalyşy ýaly, «Her ýylda bolşy ýaly, biz Täze ýylda hem mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak meselesine aýratyn üns bereris. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini ýene-de köpelderis».

Meňzeş täzelikler
2014