Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň binasynda köpçülikleýin bedenterbiýe çäresi geçirildi

Şu gün ir ertir Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Aşgabatda geçiriljek Aziada-2017-ä 250 gün galmagy hem-de Aziada mynasybetli geçirilýän atly ýörişiň Lebap welaýatyna gadam basmagy mynasybetli köpçülikleýin bedenterbiýe çäresi geçirildi. Ilatyň arasynda saglygy berkitmäge we sagdyn ruhy ösdürmäge gönükdirilen köpçülikleýin sport çäresine ýurduň nebitgaz toplumynyň ähli kärhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdy.

Ine, eýýäm birnäçe ýyl bäri Türkmenistanda şular ýaly bedenterbiýe-sagaldyş çärelerini geçirmeklik asylly däbe öwrüldi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen 2017-nji ýyl Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edildi. 2017-nji ýylyň şygarynda döwlet syýasatynyň halkyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we ony täze sepgitlere ýetmäge ruhlandyrmaga gönükdirilen iki ugry jemlenýär.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň esasy wezipeleriniň biri — durmuş ähmiýetli möhüm taslamalary goldamak, şol sanda ähli ýaşdaky adamlary sport bilen meşgullanmaga çekmek, raýatlygy we watançylygy ösdürmek, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn ruhly edip ýetişdirmek bolup durýar.

Geljek ýylyň sport çäreleriniň möhüm ähmiýetlisiniň biri 2017-nji ýylyň sentýabrynda badalga aljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarydyr.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly şygary astynda paýtagtymyzda we beýleki şäherlerde onlarça çäreler, şol sanda halkara ähmiýetli çäreler geçiriler. Şol çäreler Türkmen döwletiniň batly gadamlar bilen ösüşinde täze tapgyry, açyklygy, parahatçylyk söýüjiligi alamatlandyrýar.

Meňzeş täzelikler
2014