Türkmen žurnalistleri Azerbaýjanyň HBS-lerini Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň netijeleri we Aziada-2017-ä taýýarlyk bilen tanyşdyrdylar

26-27-nji noýabrda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Forumyň netijeleri boýunça Aşgabat Beýannamasy kabul edildi. BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamy onuň düzgünlerinde öz beýanyny tapdy. Duşenbede Türkmenistanyň bakudaky ilçihanasy azerbaýjan HBS-leriniň wekillerini şu zatlar bilen tanyşdyrmak üçin press-brifing gurnady, diýip Trend azerbaýjan habarlar agentligi habar berýär.

Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň 1-nji sekretary (konsul) Batyr Rejepowyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň gatnaşmagynda geçirilen ählumumy maslahat döwlet, hökümet we  parlament ýolbaşçylaryny, iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny, görnükli syýasy we jemgyýetçilik işgärlerini bir ýere jemledi. «Maslahat ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen tagallalaryň umumylygyny şöhlelendirdi» diýip diplomat aýtdy.

Rejepowyň nygtaýşy ýaly, forumyň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Beýannamasynda BMG-niň Baş sekretary Durnukly ulag ulgamy boýunça taryhda birinji ählumumy maslahaty BMG-niň durnukly ösüş we howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça syýasatynyň we borçlarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde çagyrandygyny belländigi nygtalýar.

Rejepowyň sözlerine görä, maslahatda ulagyň ähli görnüşleri — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň çäklerinde geçirilen bölümçelerde bellenilişi ýaly, ulagyň durnukly ösüşi ýerli, sebit we dünýä bazarlaryna çykmagyň möhüm şertidir we ol söwdanyň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär. Mundan başga-da, Beýannamada ulag ulgamynyň ýurduň jemi içerki önümine önjeýli goşant goşýandygy, iş bilen üpjünçiligi artdyrýandygy, şeýle hem döwlet we ýerli býujetleriň girdejililigini ýokarlandyrýandygy barada aýdylýar.

«Ulagyň durnukly ösüşi üpjün etmek üçin amatly şertleri döredip bermek boýunça ähli wezipelerini doly derejede ýerine ýetirmegi üçin gyzyklanma bildirýän taraplaryň bilelikde işlemeginiň zerurdygy bellenildi» diýip ilçihananyň wekili aýtdy.

Ol şeýle hem bu resminamada ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň halkara-hukuk we ekologiki aspektleriniň hem öz beýanyny tapandygyny habar berdi. Foruma gatnaşyjylar düzgünleri we resminamalary ýönekeýleşdirmegiň we standartlaşdyrmagyň, şol sanda ulag we üstaşyr geçirmeler boýunça halkara konwensiýalarynyň doly durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny bellediler, şeýle hem ulag ulgamynyň bug gazlaryny goýbermegini çäklendirmek we Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmekligi tizleşdirmek boýunça borçnamalary tassykladylar.

«Foruma gatnaşyjylar gyzyklanma bildirýän ähli taraplary täze, durnukly ulag nusgalarynyň hatyrasyna bilelikde hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdylar» diýip ol aýtdy.

«Şeýlelikde, Aşgabat Beýannamasy ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň hatyrasyna konstruktiw halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem berkitmäge we ösdürmäge ediljek hereketler üçin gözükdiriji boldy» diýip Rejepow belledi.

Çäräniň dowamynda žurnalistler şeýle hem ilçihanada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyp döredilen otag bilen hem tanyşdylar. Türkmenistanyň Bakudaky Ilçihanasynyň 3-nji sekretary Bahar Berdiýewanyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň içinde ilkinji bolup Aziýa oýunlaryny kabul etmäge mümkinçilik alan döwletdir.

Mundan başga-da, 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda türkmen paýtagtynda geçiriljek şol oýunlaryň oňa gatnaşjak türgenleriň rekord möçberini toplajakdygy bellenildi. Oýunlaryň 21 görnüşi boýunça 62 döwletden 5 müňden gowrak türgen medallar üçin göreşer. Şolar bilen bilelikde 2500-e golaý tälimçiler we 10 müňden gowrak daşary ýurtly hünärmenler geler. Oýunlara 10 müňden gowrak meýletinçi ýardam berer. Oýunlara dünýäniň dürli ýurtlaryndan 200 müňden gowrak tomaşaçynyň gelmegine garaşylýar.

Aşgabatda Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigi gurulýar. 157 gektar meýdançany eýeleýän bu şäherjikde 30-san gowrak dürli görnüşli desga, şol sanda ýaşaýyş-durmuş, ulag we beýleki infrastrukturalar bar. desgalaryň umumy bahasy 5 milliard dollara barabardyr, diýip Trend habarlar agentligi belleýär.

Meňzeş täzelikler

2014